Ï Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy

view-icon 3424
Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy
Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy
Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy
Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy — döw­le­tiň gym­mat­ly baý­ly­gy

Şu gün Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na sa­tyn al­nan Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň “B.Braun” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly ge­mo­dia­liz en­ja­my sow­gat be­ril­di.

Ga­ny ekst­ra­kor­po­ral usul­da aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen bu döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­ja­my do­wam­ly böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ry has ne­ti­je­li be­jer­mä­ge, şu­nuň esa­syn­da ola­ryň ýa­şaý­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga, öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi hal­kyň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň ýur­du­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!», “Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!” di­ýen ýö­rel­ge­ler esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, pu­da­gyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, ama­ly luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ýa­ly we­zi­pe­ler Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­dyr. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy esa­syn­da Türk­me­nis­tan ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek ba­bat­da örän uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň hem-de onuň iri dü­züm­le­ri­niň — Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG), Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Ýur­du­myz bu gu­ra­ma­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Döw­re­bap luk­man­çy­lyk mer­kez­le­rin­de hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň köp gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nil­ýär. Bu mer­kez­ler­de or­naş­dy­ry­lan öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar hem bar bo­lan ke­sel­le­ri ir­ki dö­wür­ler­de anyk­la­ma­ga, iň tä­sir­li be­je­riş çä­re­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu iş­de Türk­me­nis­tan­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nen «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» at­ly Mil­li stra­te­gi­ýa gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gaz­na­nyň bank ha­sap­la­ry­na ra­ýat­lar­dan hem-de eda­ra gör­nüş­li ta­rap­lar­dan pul se­riş­de­le­ri yzy­gi­der­li ge­lip go­wuş­ýar. Bu se­riş­de­ler ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra tö­leg­li luk­man­çy­lyk, bi­lim hyz­mat­la­ry­ny ber­mä­ge, ola­ryň go­wy dynç al­mak­la­ry üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge, beý­le­ki de­giş­li ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. 2021-nji ýy­lyň tom­sun­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap we şä­her has­sa­ha­na­la­ry­nyň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri­ne ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry, Ma­ry we­la­ýat ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­na “Savina” ky­sym­ly eme­li dem be­riş en­ja­my sow­gat be­ril­di. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ma­ry we­la­ýat Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ne iki sa­ny “Dia­log+” ky­sym­ly eme­li böw­rek en­ja­my-da sow­gat hök­mün­de gow­şu­ryl­dy.

Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dür­li ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek üçin se­riş­de­le­riň bö­lü­nip be­ril­me­gi, be­jer­gi çyk­da­jy­la­ry­nyň tö­le­nil­me­gi, ça­ga­lar öý­le­rin­de, ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler­de we mek­dep-in­ter­nat­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän, bi­lim al­ýan ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar üçin de­giş­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň di­ňe bir Türk­me­nis­ta­nyň ça­ga­la­ry­na däl, eý­sem, köp san­ly dost­luk­ly döw­let­le­riň çyl­şy­rym­ly dur­muş ýag­da­ýyn­da ga­lan ça­ga­la­ry­na-da be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Ger­ma­ni­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­sy­nyň döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­nyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­by­nyň has­sa­ha­na­sy­na sow­gat be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li şu gün­ki ge­çi­ri­len da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar, şol san­da ça­ga­lar we ola­ryň ene-ata­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri ýaş ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ös­mek­le­ri, sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri ug­run­da dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.