Ï Malaýziýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Malaýziýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 4143
Malaýziýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde talyplar gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan kitabyň mazmuny barada giňişleýin maglumat aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň milli we halkara derejesinde baýram edilmegine aýratyn üns berildi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Sanweý uniwersitetiniň prezidenti S.Poppemanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.