Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Giň jahana ýaýran Pyragynyň sarpasy» atly döredijilik çäresi geçirildi.
Bu waka mynasybetli ýokary okuw mekdebiň mugallymlary, talyplary owadan lybaslary we sahna bezegleri bilen baý hem-de şowhunly döredijilik çykyşlary taýýarladylar. Şol gün artistleriň keşbinde çykyş eden talyplar öz ukyp-başarnyklaryny we zehinlerini doly derejede görkezmäge çalyşdylar.
Ýokary okuw mekdebiň baýramçylyk görnüşde bezelen sahnasynda edebi-sazly kompozisiýalar, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň hem-de beýik şahyr baradaky rowaýatlaryň äheňinde taýýarlanylan sahnalaşdyrylan çykyşlar görkezildi.
Talyplar dünýäniň dürli dillerinde Magtymgulynyň şygyrlaryny aýratyn buýsanç we ruhubelentlik duýgulary bilen labyzly okadylar. Şahyryň Watan, söýgi, dostluk, ynsanperwerlik baradaky goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çäre bu ýere gelenleriň ählisine ruhubelentlik we mähirli duýgulary bagyş etdi.
Ýurdumyzda Magtymguly Pragynyň eserleriniň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak, ony giňden wagyz etmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri barha giň gerime eýe bolýar.
Bu ugurda uniwersitetde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge we ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işler hem ýaýbaňlandyryldy. Ugurdaş çäreler yzygiderli geçirilýär, okuwlaryň dowamynda talyplar türkmen, iňlis, ýapon dillerinde şahyryň ömri we döredijiligi bilen giňden tanyşýarlar.
Ýaş nesiller üçin Magtymguly Pyragynyň keşbi ahlaklylygyň, watançylygyň, merdanalygyň, adalatlylygyň iň mynasyp göreldesidir, onuň eserleri bolsa parasatlylygyň, ylhamyň, aň-düşünjeliligiň, giň gerimli bilimliligiň baý ummanydyr. Tutuşlygyna mähriban halkyna, jebislik, agzybirlik we parahatçylyk, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky belent maksatlara hyzmat eden beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ösüp gelýän nesiller üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir.