Ï Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar

view-icon 1531
Ýurdumyzda howanyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar

Şu hepde ýurdumyzda howa ýene durnuksyz bolar diýlip çaklanylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 38...gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +13... +15 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +22 gradusdan +36... +38 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +33... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradusdan +32... +37 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +33... +38 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19.., +24 gradusdan +30… +35 gradus aralygynda maýyl bolar.