Ï Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara

view-icon 2128

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem-de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň azyk önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, bu ugurda maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge, onuň ygtybarly ulgamyny döretmegiň usullaryny işläp düzmäge we amala aşyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek, sarp edilýän zerur önümleriň importyna garaşlylygy azaltmak boýunça möhüm çäreler amala aşyrylýar, gymmatly tejribe toplanyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, bu ulgamda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ählumumy azyk meselelerini çözmek boýunça tiz we netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýan ýurtlaryň biri hökmünde degişli ugurda duşuşyklary, sergileri, maslahatlary, özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri yzygiderli geçirýär.

Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importyň möçberini azaltmakdan, bu önümleri öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň döwletimizde hem azyk howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm wezipeleriniň hatarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürijilere goldaw bermek, iýmit önümleriniň ilat üçin elýeterliligini üpjün etmek, öz azyk önümlerimiziň içerki hem daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlary görkezmek bolar. Bu ugurda işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagy netijesinde, azyk üpjünçiligi ulgamy häzirki döwürde sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň halkara ykdysady ulgama goşulyşmagyna, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin maýa goýumlary çekmäge-de ukyply düzüme öwrüldi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň hususy önüm öndürijilerine möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk we azyk önümleriniň esasy böleginiň hususyýetçiler tarapyndan öndürilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümleri öndürmegi öňe sürýän döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy ykdysady, durmuş we strategik taýdan birnäçe artykmaçlyklary döredýär. Bu syýasatyň ykdysady taýdan maksadalaýykdygy ýurduň içindäki çig mallaryň, zähmet gorlarynyň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny ösdürmek arkaly ilatyň barha artýan isleglerini öz önümçiligimiziň hasabyna kanagatlandyrmakda we eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, täze senagat kärhanalaryny döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Netijede, bu işler ýurdumyzyň geljekki ösüşini üpjün etmekde strategik nukdaýnazardan bähbitli bolup durýar.

Sergä gatnaşýan hormatly adamlar!

Eziz dostlar!

Sizi azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.