Ï Mekdep okuwçylary MAT endiklerini berkitdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary MAT endiklerini berkitdiler

view-icon 2571
Mekdep okuwçylary MAT endiklerini berkitdiler

Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki ýetimler öýüniň geljekki 32 uçurymy 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinden 12-nji maýyna çenli aralykda geçirilen üç hepdelik okuwyň dowamynda özleriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy (MAT) boýunça endiklerini berkitdiler.

Bu tälim okuwy atlary agzalan okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň geljekki islendik hünärde peýdaly boljak MAT endiklerini ele almaklary üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ÝUNISEF tarapyndan guraldy.

Bu başlangyç, ýurduň durmuş şertlerine bagly bolmazdan, her bir çaganyň sanly üýtgeşmeleriň barha çaltlaşýan dünýäsinde gülläp ösmek üçin zerur endiklere we bilimlere eýe bolmagyny üpjün etmäge ymtylýandygyny nygtaýar. Okuwyň dowamynda bu mekdepleriň uçurymlary diňe bir tehniki bilimleri we başarnyklary däl, eýsem, hünäri durmuşynda üstünlik gazanmak üçin zerur bolan sosial edim-gylymlary, toparlaýyn işleme we mesele çözmek endigini öwrendiler. Bu okuw oňa gatnaşan oglan-gyzlarda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerlik we matematika) ugurlarynda bilimlerini dowam etdirmäge höwes döretdi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň aýtmagyna görä, häzirki çalt üýtgeýän dünýäde MAT endikleri şahsy we hünär taýdan ösmek üçin zerurdyr. Bu okuwlaryň üsti bilen ýaşlar diňe bir amaly endikleri ele almak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde üstünlik gazanmaga ýardam etjek ynamlaryny-da güýçlendirýärler. ÝUNISEF bu möhüm işe işjeň gatnaşýar we bu babatda Bilim ministrligine goldaw bermegini dowam etdirmäge taýýardyr.