Ï Gül nagyşlarynyň sazy keşde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gül nagyşlaryň sazy — keşde

view-icon 2314
Gül nagyşlaryň sazy — keşde
camera-icon
Hasan Magadow

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň goldamagynda keşde ussatlarynyň, gadymy nagyşlary aýawly saklaýanlaryň, hünärini kämilleşdirýän we oňa üýtgeşiklik girizýän, özboluşly usuly bolanlaryň bäsleşigi geçirildi.

Nepis halk amaly-haşam sungatynyň meşhurlygy peselmeýär, ol medeni mirasyň möhüm bölegi bolup durýar we häzirki döwürde, köp asyr mundan ozalkysy ýaly, hem her bir türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda ähmiýetini ýitirmeýän gadymy nagyşlary, şol sanda keşdeleri bar. Türkmen «keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Tilsimleriň baýlygy, reňk saýlamagyň kämilligi, dürli mata nagyşlary – köplenç ýüpek bilen örtülendir. Türkmen halkynyň milli keşdesine Gündogaryň beýleki medeniýetleriniň arasynda deňi-taýy ýokdur.

Döredijilik bäsleşigine Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň köçeleri abadanlaşdyrmak we arassalamak, raýatlaryň öýlerini suw we ýylylyk bilen üpjün etmek, çüwdürimler we bag-seýilgäh hojalygyna wekilçilik edýän we jemgyýetçilik hyzmatlary bölüminde işleýän zenanlar gatnaşdylar. Kärdeş-bäsdeşleri sekiz jübüte böldüler, olar ýany bilen öz el işlerini, toý bezegli ýörite nagyşly tahýalary (zenanlar üçin reňkli nagyşlar ulanylýar, erkekler üçin bolsa düýpgöter başgaça ýerleşdirilýär), köýnege, dona, ýüpek ýaglyga, başatgyçlara salynýan keşdeleri, şeýle hem nagyşly örme joraplary alyp gelipdirler.

Tejribeli keşde ussatlardan ybarat emin agzalary hünärmenleriň ussat el işlerine baha berdiler, kämilleşdirilen nusgawy nagyşlaryň ulanylyşynyň, döredijilikli usulyň nämedigini, geçmişdäki türkmen keşdeleriniň manysy häzirki zaman ugurlarynda baha bermek we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde kemala gelen däp-dessurlaryň tapawudy barada düşündirişleri diňlediler. Bäsleşikde ussat zenanlarymyz, şeýle hem halk amaly-haşam sungatyny kyssa, şahyrana görnüşinde edebi eserden bir bölek ýerine ýetirmelidiler. Iňňe we ýüpek sapaklar bilen ösümlikleri ýa-da jandarlaryň keşbini şekillendirdiler, şeýle hem tutanýerliligi, parahatlygy we ruhy taýdan deňagramlylygy talap edýän işde, gelin üçin lybasa keşde salnan wagty, diňe şol bir iş wagtynda ýerine ýetirilýän aýdymyny aýtdylar.

Döredijilik bäsleşiginde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparlary çykyş etdiler, artistler diňe bir halk aýdymlaryny ýerine ýetirmän, eýsem, bu temadan sazly-sahnalaşdyrylan oýunlary-da görkezdiler. Bäsleşik tapgyrlary döredijilik gurşawynda geçirildi, tomaşaçylar gatnaşyjylaryň çykyşlaryny mähirli goldadylar. Meýdança hem baýramçylyk ruhunda, milli keşdeli – özboluşly nusgaly lybaslar bilen bezeldi. Keşdeçilik hünäriň ýörelgesine we tejribesine berk eýerilýändigine garamazdan, her bir keşdeçi däp-dessuryň esasyny saklap, köp asyrlardan saklanyp gelýän nusgalara eýerip, özüne mahsus käbir täzelikleri getirýär. Hatda bir senetçiden iki sany meňzeş nagyş tapmak kyn, bu ýerde döredijilik alyş-çalşygy, aragatnaşyk, bäsdeşlik we birek-birekden göçürmek üçin däl-de, eýsem, döredijiligiň gadymy görnüşi bolan jadyly sungatyň mundan beýläk-de ösmegine hyzmat edýär. Bu ýerde esasy zat ylham joşgunydyr, sebäbi nagyşlar janly tebigatyň gözelliginden alnan we özboluşlylygy, ruhy baýlygy we ajaýyp sungat eserini döredijiniň ýylylygyny görkezýär.

Olaryň arasyndan ýeňijini kesgitlemek aňsat bolmady, guramaçylar baş baýragy, baýrakly orunlary birbada birnäçe zenana bermegi göz öňünde tutdular, şonuň üçinem oňa gatnaşanlaryň ählisine gymmatly baýraklar gowşuryldy.