Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy

view-icon 2554

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Siziň bilen dostlukly Tatarystanyň paýtagtynda duşuşmaga örän şatdyryn. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny hemişe duýýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Size iberen mähirli salamyny ýetirmäge rugsat ediň! “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna we “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýyl guralýan mejlisine gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlygymy bildirýärin, şeýle hem ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin. Wekiliýetimiziň ähli agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Kazan şäherinde Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen şeýle ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň we oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. Şulardan ugur alyp, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň we dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň giňeldilmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýäris.

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň umumylygyna, dinimiziň birligine, birek-birege hormat goýulmagyna we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklapdyrlar.

Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Siziň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy bellemek isleýärin. Onuň dowamynda milli ykdysady bähbitleri, bilelikdäki köpýyllyk işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biz dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk hem türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýändigimizi ýene-de bir gezek tassyklaýarys.

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Sözümiň ahyrynda çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin we Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy)