Ï Watan waspy suratlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan waspy suratlarda

view-icon 2046
Watan waspy suratlarda
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň sergisi açyldy.

Onuň bir aýratynlygy – sergi Magtymguly Pyragynyň portreti bilen açylýar. Şeýtmek bilen serginiň guramaçylary türkmenistanlylaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtamak isläpdirler. Dana şahyr hemişe türkmenleriň ýüreginde. Onuň wesýetlerine eýerip, güýçli döwlet gurýarys, ýaşlara bilim berýäris, şahyryň arzuwlaryny hasyl edýäris.

Sergide jemi 60 töweregi surat görkezildi, olaryň köpüsinde Watanymyzyň Döwlet baýdagy şekillendirilipdir. Suratlardan görnüşi ýaly, suratkeşler ХХI asyryň binagärlik desgalarynyň gurluşygyna uly üns berýärler. Aziza Öwezmyradowa «Aşgabat – Aziýanyň merjeni» atly eserinde Aşgabatda häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp binalaryny şekillendiripdir. 

Şäheriň belent binalar toplumlary serginiň esasy temalaryndan biridir. Ak şäherimiz Aşgabat we täze Arkadag şäheri gözelligi hem kaşaňlygy bilen tomaşaçylary begendirýär.

Konsert zalynda däl-de, tebigatyň gujagynda skripka çalýan sazanda gyz Gyzylgül Hudayberdiýewanyň suratyny tomaşaçylar has gowy gördüler. Ol köplenç dürli sergilerde görkezilýär. Ýaş skripkaçy näme hakda saz çalýar? Elbetde, Watanymyz hakynda! Suratyň «Garaşsyzlyk döwrüniň sazandasy» ady hem muny subut edýär.

«Biz ýeňeris!». 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony gyrmyzy gülälekli meýdanda ylgaýar. Gyzjagazyň elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly pasyrdaýar. Türkmenistanlylar ähli üstünliklerini, şol sanda sportda gazanan üstünliklerini hem ata Watana bagyşlaýar.

Saparmämmet Meredowyň «Ajaýyp Watan» atly ýurdumyzyň oba landşaftynyň gözelligini beýan edýän suratlary görkezilýär. Bahar pasly Köpetdagyň eteklerini gök otlara büredi, ter howany äleme ýaýdy. Suratlaryň birinde uzakda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göze ilýär.

Çapyksuwarlaryň bäşisi iki atda bir-biriniň egnine münüp, bäş çapyksuwar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny buýsançly göterýärler. Sirk artistleriniň bu çykyşy diňe bir ildeşlerimizi däl, eýsem, daşary ýurtly tomaşaçylary hem özüne maýyl edýär. Derýa Mämmetgulyýewiň «Ýeňijiler» atly suratynda bu pursat şekillendirilipdir.

Sergide görkezilen suratlaryň ýordumlary sergä gelenlerde watançylyk duýgularyny oýarýar. Serginiň guramaçylary-da hut şuny maksat edinipdirler.