Ï Türkmenistan Milli bahar baýramyny bellemäge taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Milli bahar baýramyny bellemäge taýýarlanýar

view-icon 448
Türkmenistan Milli bahar baýramyny bellemäge taýýarlanýar

Nowruz Baýramyň esasy aýratynlygy halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we dünýä jemgyýetçiliginiň biziň döwrümiziň global meselelerini çözmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy goramaga, jemgyýetde demokratik gymmatlyklary döretmäge, milletara gepleşikleri ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen daşary syýasatyna doly laýyk gelýär.

Bu ýyl hem Türkmenistan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi dabaraly bellemek üçin uly taýýarlyk görýär.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» geçiriljek baýramçylyk dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar.

Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.