Ï Şanly senelere sowgatlyklar taýýarlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanly senelere sowgatlyklar taýýarlandy

view-icon 4061
Şanly senelere sowgatlyklar taýýarlandy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dokma kärhanalary birnäçe ýadygärlik önümlerini öndürdiler.

«Altyn asyr» söwda merkezi milli nyşanly ençeme önümleri hödürleýär. Täze önümleriň hatarynda Magtymguly Pyragynyň şekili çekilen ýeňsiz sport köýnekçeler, matadan taýýarlanan we ýüzüne ýazgylar ýazylan söwda torbalar we beýlekiler bar.

Şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we ýakyn wagtda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi mynasybetli «Altyn asyr» söwda merkezinde Aşgabadyň we gadymy Änewiň şekilleri ýerleşdirilen ýeňsiz sport köýnekçelerini satyn alyp bolar.