Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 2284
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanitariýa işi, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, täze kanunlaryň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Wekiller Palatasynyň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisiniň we BAE-niň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere, söhbetdeşliklere, duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan ösüşini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ugurdaş düzümler tarapyndan integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlary düzgünleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän meýdançalarda buraw işleri geçirilýär. Munuň özi tebigy gaza baý bolan meýdançalary ýüze çykarmaga, onuň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberiniň çykarylmagyna uly üns berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, Döwlet ýer kadastrynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ýer serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylyşyna, oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryna gözegçilik etmek maksady bilen, häzirki wagtda Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça degişli çäreler görülýär.

Bu işleriň çäklerinde Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyny alyp barmak boýunça ýörite programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. Ýurdumyzda bugdaý ekilen meýdanlaryň möçberi, olaryň ýerleşýän ýerleri hem-de kärendeçiler we peýdalanyjylar baradaky maglumatlar bu programma üpjünçiligine doly girizildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilýän gowaça, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri baradaky degişli maglumatlary bu programma girizmek, şeýle hem ony has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur işleriň ýola goýulmagyny, gowaça ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Döwlet ýer kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere, hususan-da, bu şanly senä bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII köpugurly halkara sergini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri, haly önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreleri, hususan-da, aýdym-sazly medeni çäreleri, bäsleşikleri, usuly-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sirk tomaşalaryny, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa sahna oýunlaryny, kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” kinoteatrynda kinofilmleriň we multfilmleriň görkezilişini guramak, Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki orkestriniň, birleşen çagalar horunyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilýändigini aýtdy we bu sene mynasybetli dabaralary, medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri bar bolan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur abatlaýyş işleri geçirildi. 20-nji maýda Bilim ministrliginde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisini geçirmek, onda çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak üçin zerur şertler döredilýär. Olarda dynç alýan çagalar üçin milli oýunlar, sport çäreleri, döredijilik bäsleşikleri, tanymal medeniýet we sungat işgärleri, türgenler, ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar, sirk artistleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, muzeýlere gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, ol ýerde dynç alyş-sagaldyş, sport çärelerini, zehin we döredijilik bäsleşiklerini guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, şol sanda atom energiýasynyň ulanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm ugur bolup çykyş edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1994-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Ylalaşygyna goşulmagyndan bäri bu agentlik bilen ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilip gelinýär. 2005-nji ýylyň 17-nji maýynda ýurdumyz bilen bu agentligiň arasynda kepillikleri ulanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berdi.

Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu düzümi bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýar. Özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyz agentligiň ýadro howpsuzlygy boýunça iki sany Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda agentligiň 4 taslamasy durmuşa geçirilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda milli kanunçylygy agentligiň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasynda 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly teklip beýan edildi. Saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, oba hojalygy ýaly ugurlary gurşap alýan bu resminama Türkmenistanyň we agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda täze milli taslamalary işläp taýýarlamak üçin berk binýat bolup hyzmat eder. Bu resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň iýunynda ýörite döredilen toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, agentligiň çäklerinde dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de Türkmenistanyň onuň hereket edýän düzümleriniň 8-siniň birine saýlanylmagy boýunça çäreleri görmek teklip edilýär.

Şeýle hem onkologik kesellere garşy göreşmek maksady bilen, lukmançylyk ugry boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda bu ugurda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, ugurdaş infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar. Agentligiň bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýandygyny hem-de bar bolan oňyn tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanda bilelikdäki hereketlere syn geçirmek boýunça ImPACT maksatnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli hem-de köpugurly häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ünsi çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy. Resminama laýyklykda, pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurdumyzyň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pudak edaralarynda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini aýtdy. Şu gün biz Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we ýygnananlary hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.