Şu gün paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.
...Magtymguly Pyragy Gündogaryň iň meşhur akyldarlarynyň biridir we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Onuň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlygydyr, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda geçirilen bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Bu ýygyndy 80-den gowrak diwandan — Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyndan ybarat. Olar XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan eserleriň golýazmalarynyň gadymy nusgalaryny öz içine alýar. Şeýle hem häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambuluň gaznalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary bar we olaryň käbiri gönüden-göni XVIII asyra degişlidir. Ýurdumyzyň mirasynyň gadymy hem seýrek nusgalary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynyň ýörite bukjalarynda saklanýar. ÝUNESKO görnükli türkmen şahyrynyň bu ýygynda girizilen goşgularyny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş türki dilli dünýäniň halklarynyň hem ýazuw mirasynyň seýrek nusgasy hökmünde ykrar etdi. Çünki olarda türkmen halkynyň we Gündogar edebiýatynyň dilden aýdylýan şygryýet däpleri öz beýanyny tapýar.
Şeýle-de şol mejlisde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, beýik türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň eserlerinde aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu günki gün Türkmenistanda ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglanyşdyran şahyryň arzuwlan zamanasy geldi. Döwlet Baştutanymyzyň goldawlary esasynda häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan Gündogaryň görnükli şahyrynyň eserleri onlarça dile terjime edilip, çapdan çykaryldy. Şeýlelikde, olar halkara edebi we ylmy jemgyýetçiligiň gymmatlygyna öwrüldi. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu medal Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny, daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary sylaglamak maksady bilen döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýik şahyryň şanly senesi mynasybetli “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykandygyny aýtdy. Munuň özi halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Şanly sene mynasybetli dünýäniň onlarça ýurdunda medeni-köpçülikleýin, döredijilik we ylmy çäreler geçirilýär.
...Şu gezekki foruma ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasy bilen birlikde, birnäçe daşary ýurtlardan, şol sanda Azerbaýjandan, Owganystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Beýik Britaniýadan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Ispaniýadan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Malaýziýadan, BAE-den, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylarydyr wekilleri-de bar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi. Onda döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynam bildirýär. Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir.
Daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda Magtymgulynyň golýazma mirasy baradaky ylmy gözlegleri ilerletmekde şu gezekki halkara maslahatyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň, Gyrgyzystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktorynyň, Russiýanyň Ýazyjylar birleşiginiň sekretarynyň, Türkiýäniň dil jemgyýetiniň başlygynyň, Özbegistanyň Milli uniwersitetiniň kafedra müdiriniň çykyşlarynda hakykata, adalatlylyga, parahatçylyga, söýgä, agzybirlige çagyrýan beýik şahyryň häzirki döwürde tutuş türki dünýäni birleşdirýän edebi gymmatlyga öwrülendigi bellenildi. Şeýle hem Magtymgulynyň döredijiliginiň ýokary ynsanperwerlige ýugrulandygy aýdyldy. Magtymgulynyň pikir-garaýyşlary, taglymaty türki dilli halklaryň nakyllary we atalar sözleri, şahyrlarynyň goşgulary bilen baglanyşýar.
Umumy mejlisde çykyş eden Pekin uniwersitetiniň professory “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde uniwersitetde türkmen dili hünäriniň açylandygyny aýtdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde türkmen dili hünäri boýunça talyplary we mugallymlary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýatyndan meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny hytaý diline terjime etmek we çapdan çykarmak üçin ygtyýarnama alyndy. Munuň özi hytaý okyjylaryna şahyryň durmuşy, döredijiligi, filosofik pikirleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer. Bagdat uniwersitetiniň professory, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetini öwrenmegiň netijeleriniň onuň hakyky söýgä bolan ynamyny görkezendigini nygtady. Bu söýgi ruhy gymmatlyga — ylahy barlyga barýan ýol hökmünde şahyryň şygryýetinde beýan edilýär.
Daşary ýurtly wekiller maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, onuň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekdäki, döredijilik dialogyny täze derejä çykarmakdaky ähmiýetini bellediler.
Umumy mejlisden soňra, ylmy maslahatyň işi bäş bölümçede dowam etdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary”, Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Magtymguly we onuň döwri”, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Magtymguly we dünýä edebiýaty” mowzuklary boýunça duşuşyklar geçirildi. Maslahatyň işi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda “Magtymgulynyň golýazmalary we olaryň öwrenilişi”, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa “Magtymguly — halklaryň dostluk köprüsi” mowzugy esasynda dowam etdi.
Çykyş edenler beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasyny, şahyrana diliniň gözelligini özünde jemleýän, döredijiligi arkaly Ýer ýüzüniň her bir ýaşaýjysyna ýakyn bolan gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň beýikligini bütin dünýä görkezmek maksadyndan ugur alýandygyny nygtadylar. Türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny, nesilden-nesle geçip gelýän milli däp-dessurlaryny aýawly saklamaga hem-de çuňňur öwrenmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ähmiýeti biragyzdan bellenildi. Türkmenistanyň häzirki Garaşsyzlyk döwri halkymyzyň köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygynyň güwäsidir. Bu arzuwyň durmuş-filosofik esaslary Magtymgulynyň döredijiliginde hem beýan edilipdir. Ermenistandan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Malaýziýadan alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymgulynyň eserleriniň, ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde-de dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini, olaryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän sena hökmünde ykrar edilendigini nygtadylar.
Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Onuň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Bu babatda birnäçe umumy kanunalaýyklyklaryň bardygyny bellemeli. Ýazuwly edebiýatyň döremeginde ähmiýeti bolan halk döredijiligine möhüm orun degişlidir. Beýik Britaniýadan, Iordaniýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Italiýadan, Litwadan, BAE-den, Polşadan, Saud Arabystanyndan, Serbiýadan, Fransiýadan sungaty öwrenijiler, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýän hünärmenler şahyryň halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açandygyny bellediler. Şunda türkmen diliniň arassalygyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirdi. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.
«Koreýa — Merkezi Aziýa» dostluk birleşiginiň prezidenti öz çykyşynda Magtymgulynyň döredijiligine ünsi çekip, onuň türkmen edebiýatyna dünýä derejesinde şöhrat getirendigini, şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlaryň diňe bir XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetirendigini belledi. Çykyş edenler XVIII asyryň ortalarynda we ikinji ýarymynda Türkmenistanyň çäginde, goňşy ýurtlarda bolup geçen syýasy-ykdysady wakalary jikme-jik beýan edýän hronologik ensiklopediýa bolan Magtymgulynyň eserleriniň ähmiýetini bellediler. Şeýlelikde, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmän, şol döwrüň sebitleýin we has giň halkara wakalaryna hemmetaraplaýyn düşünmek kyndyr.
Maslahatyň bölümçelerinde çykyş edenler häzirki döwürde TÜRKSOÝ-nyň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistanyň medeni mirasyň goralyp saklanmagyna, türki dilli halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtadylar. Gurama döredijiligi bilen türki dilli ýurtlaryň medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan görnükli şahsyýetleriň gymmatly mirasynyň wagyz edilmegine möhüm üns berýär. Şeýle giň möçberli çäreleriň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigine, dürli ugurlar boýunça umumylygy bolan türki medeniýetleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Jemleýji mejlisde myhmanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize akyldar şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdiler. Soňra «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň jemi jemlenildi. Gatnaşanlaryň biragyzdan bellemeklerine görä, şu gezekki forum halkara ylmy we medeni gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Soňra maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda tejribe alşylmagyny we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi esasy ugur edinen forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Şeýlelikde, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy çuňňur filosofik, jemgyýetçilik-syýasy pikirleri öz içine alyp, türkmen halkynyň ýokary medeniýetine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöredip, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge gönükdirilen strategik maksatlary, uzak möhletli milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, gülläp ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýar.