Ï Türkmenistanyň Prezidenti El-Salwador Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti El-Salwador Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1967

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň onuň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Naýib Bukelä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, El-Salwador Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.