Ï Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2196

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygy boldy. Bu barada ýurdymyzyň Mejlisiniň resmi web saýtynda habar berilýar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň taraplar üçin hem bähbitli boljakdygy nygtaldy.