Ï Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen haly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen haly

view-icon 1562
Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen haly

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dünýä waspy dolan türkmen halysy» atly aýdym-sazly çäre geçirdiler.

Baýramçylyk çäresine gatnaşan «Türkmenhaly» birleşiginiň Bäherden we Aşgabat haly kärhanalarynyň işgärleri şöhraty dünýä dolan el halysyny dokamagyň inçe syrlary barada gürrüň berdiler. Muzeý işgärleriniň özlerinde saklanýan özboluşly halylar baradaky maglumat-da sergä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Muzeý gaznasyndaky has del halylar bolsa şu ýerde guralan sergide görkezildi. Olardan göllerinde milli medeniýetimiziň nusgalaryny beýan edýän halylara aýratyn orun berildi.

Sergide Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň halyçylyk sungaty baradaky Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-da görkezildi. Bu ýerde görkezilen milli lybaslar, şol sanda çeper keşdeli kürteler, şaý-sepler, keramiki gaplar we küýzeler, suratlar, dutardyr beýleki milli gymmatlyklar türkmen medeniýetiniň özboluşlylygy we baýlygy barada düşünje berýär. Bagşy-sazandalaryň çykyşlary duşuşygyň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.