Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurmak dabarasy bolup geçdi.
22 – 26-njy maý aralygynda geçirilen bäsleşige Türkmenistanyň 22 ýokary okuw mekdebinden we Merkezi Aziýadan, Hazar ýakasyndan, Türkiýeden we Hytaýdan, jemi 9 ýurtdan 11 daşary ýurt ýokary okuw mekdebinden 250 talyp gatnaşdy.
Bäsleşik şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçirildi, bu ýaryşlaryň çäginde oňa gatnaşýanlara halkara gepleşikleri modellemek, halkara ykdysady gatnaşyklar öwrenilende, maglumat tehnologiýasyny ulanmak, halkara ulag logistikasyndaky dünýä akymlaryny öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda iň amatly karary kabul etmekde matematika we matematiki modelleri ulanmak we ş.m. ugurlar boýunça tabşyryklar teklip edildi.
Halkara bäsleşigiň aýry-aýry tapgyrlarynyň netijelerine görä, oňa gatnaşanlar 21-i altyn, 36-sy kümüş we 46-sy bürünç bolmak bilen, 103 medal gazandy. 11 altyn medaly türkmen talyplary, 10 sanysyny gazagystanly, täjigistanly, özbegistanly, russiýaly, türkiýeli, eýranly, hytaýly, azerbaýjanly we gyrgyzystanly talyplar aldylar. Toparlaýyn ýaryşyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň talyplary 3-i altyn, 5-i kümüş we 8-i bürünç bolmak bilen, 16 medal gazandy.
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri medallar we diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň Hormat hatlary we çäräniň hemaýatkärleriniň gymmatly sowgatlary bilen sylaglandy.
Halkara bäsleşigi geçirmäge döwlet edaralaryndan we hususy kärhanalardan ybarat birnäçe hemaýatkär goldaw berdi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýa, Kärdeşler arkalaşyklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi, şeýle hem «Aýdyň gijeler», «Saraýan», «Muhammet Balkan», «Agzybirlik tilsimaty», «Abadan haly», «Awtoýoly», «Täç hil», «Ak menzil», «Röwşen», «Bir kuwwat», «Altyn tug», «Kämil ussat», «Erkin gurluşyk», «Mary trawel», «Halkara audit», «Ýedi dogan», «Bürgüt», «Düwmejik», «Ada production» kompaniýalary bar.
Şu formatdaky halkara bäsleşiginiň ýurdumyzda ilkinji gezek halkara gatnaşyklarynyň strategik meselelerini öwrenmek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, gözleg işlerinde başarnyklaryny ýüze çykarmak, şeýle hem global parahatlyk pikirlerini giňden ýaýratmak we daşary ýurtly bilermenler bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak zerurlygy bilen baglanyşyklylykda geçirilendigini bellemek möhümdir. Dürli ýurtlaryň talyplaryny bir ýere jemlän bu bäsleşik, şübhesiz, parahatçylykly halkara gatnaşyklar ýörelgeleriniň kök urmagyna, ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmany we gepleşikleri berkitmäge – Türkmenistan tarapyndan başlangyç berlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Rezolýusiýasynyň maksatlaryna ýardam eder.
Dabara gatnaşanlar halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurtda döredilen amatly şertler we giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çäräni ýokary derejede gurandygy we geçirendigi, bäsleşige gatnaşýanlary türkmen topragynda gyzgyn we mähirli garşylandygy üçin, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Daşary işler ministrliginiň HGI-ne çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Türkmen paýtagtynda bolmagyň şäheriň iň gözel ýerlerine, türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, taryhy we medeni ýadygärliklere, şeýle hem Aşgabadyň söwda we güýmenje merkezlerine baryp görmegiň daşary ýurtly myhmanlarda ajaýyp täsir galdyrandygy-da nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurtlaryň arasyndaky ynam esasly gatnaşyklary berkitmekde, halkara gepleşikleri we ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we medeni diplomatiýany öňe sürmekde oňyn netijelere gönükdirilen çäre hökmünde bäsleşigiň ýokary ähmiýetini we netijeliligini bellediler.