Ï Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

view-icon 1477
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň gün tertibi örän baý boldy. Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bilen häsiýetlenýändigini bellediler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy. Iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň wajyp orununda ünsi jemlemek bilen, taraplar bu gepleşikleriň uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy faktory bolup hyzmat edýändigi barada nygtadylar.

Iki ýurduň halkara we sebitara gurluşlarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+»  formatlaryndaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi beýan edildi. Halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Diplomatlar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. Şeýle hem ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garalyp geçildi.

Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Şeýlelik bilen, Astanada geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler ýurtlaryň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny görkezdi.