Ï 1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

view-icon 1834
1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji iýundan başlap Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugurlary boýunça gündelik awtobus gatnawyny ýola goýar.

Awtobuslar her gün aşakdaky tertibe laýyklykda hereket eder:

Awtobus Aşgabatdan ir bilen sagat 06:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugraýar. Onuň salgysy: A.Nyýazow şaýoly.

Awazadan Aşgabat şäherine gaýdýan awtobus 13:00-da Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly awtoulag duralgasyndan ugraýar.

Bir taraplaýyn ýol nyrhy 75 manat möçberinde kesgitlenýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-30; 44-35-20.

Saýt: www.auh.com.tm. Poçta: auhyzmat@sanly.tm.