Ï «Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly sergi energiýa üpjünçiligine bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly sergi energiýa üpjünçiligine bagyşlanýar

view-icon 1539
«Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly sergi energiýa üpjünçiligine bagyşlanýar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasy Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde türkmen paýtagtynyň ilatyny hem myhmanlaryny «Energetiki geçiş — geljegiň energiýasy» atly göçme sergä çagyrýar.

Sergi interaktiw sanly formatda geçiriler we köp dilde, şol sanda türkmen, rus, nemes we iňlis dillerinde elýeterli bolar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolan bu sergi energetika ulgamlaryny kömürturşy gazyndan azat etmeklige, energetiki geçişiniň mümkinçiliklerine we kynçylyklaryna bagyşlanýar. Bu serginiň maksady «Energiýa üpjünçiligini nädip, howpsuz, elýeterli we durnukly edip bolar?» diýen sowala jogap bermekdir. Sergä gelýänleri energetiki geçişe syýasy, ylmy, jemgyýetçilik we ykdysady nukdaýnazardan dürli garaýyşlar bilen tanyşdyrjak syýahat garaşýar. Sergi tehnologik ösüşler, syýasy strategiýalar we durnukly energetika geljegi üçin jemgyýetçilik başlangyçlar barada düşünje hödürleýär.

Bu ýere gelýänler göçme sergi bilen 2024-nji ýylyň 4–26-njy iýuny aralygynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň sergi zalynda tanşyp bilerler. Giriş tölegsizdir, bellige aldyrmak talap edilmeýär. Serginiň Aşgabatdaky wagty tamamlanandan soň, ol Maryda görkeziler.