17-nji martda esaslandyrylanyna 17 ýyl dolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň üstünlikleri mynasybetli geçirilen baýramçylyk sergisinde bu ýere gelenler hususy kärhananyň öndürýän täze önümleri, iri gurluşyk, senagat kompaniýalarynyň işi, gök-önümlerdir ir-iýmişler, süýt, et, şöhlat, konditer önümleri, miwe şireleri bilen içgin tanyşdylar.
Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagynyň üstünliklerini açyp görkezýän «Düýeguş» fermasy önümlerini hödürledi.
«Düýeguş» fermasynyň satuw işi boýunça menejeri Anastasiýa Stepanişewa bilen söhbetdeş bolduk:
– 2022-nji ýylda Türkmenistanda döredilen fermamyz 5 gektar meýdany eýeleýär we 2 müň sany afrikaly düýeguş saklanylýar. Olaryň sanyny 10 müňe ýetirmegi meýilleşdirýäris. Ekologiýa taýdan arassa et önümlerini halka ýetirmek, elin düýe guş ýumurtgasyny çykarmak, jüýjeleri ösdürip ýetişdirmek we düýeguşlary semretmek bilen meşgullanýarys. Olar ösüş gormonlary bolmazdan tebigy iýmit bilen üpjün edilýär. Bu bolsa guş etiniň, ýumurtgasynyň diňe bir tagamly bolmagynda däl-de, saglyk we gözellik serişdesi üçin bahasyna ýetip bolmajak önüm bolmagynda galýar. Elin düýeguş eti beloklara baý bolup, kaloriýasy az we saglyk üçin peýdaly mikroelementlerden doludyr. Bu guşuň derisi ýokary hilli önümleri döretmek üçin ideal materialdyr. Häzirki wagtda krokodiliň we piliň derisi bilen bäs gelýän düýeguşuň derisinden gapjyk, torba, başgap, aýakgap, penjek, kitap daşlyklary ýaly önümleri öndürmegiň üstünde işleýäris. Deriniň hili ýokary derejede bolar we ol gurluşy boýunça maýyşgak, ýumşak we mäkämdir. Bir düýeguşdan takmynan 1,5 inedördül metre çenli çig mal alynýar. Mundan başga-da guşuň ýelegi dürli ugurlarda, ýagny iň kiçi elektron we optiki böleklerden, mehanizmlerden tozany arassalamak üçin, parfýumeriýa pudagynda ýelekleri yslary görkezmek üçin peýdalanylýar. Guşuň gaty, uly ýeleklerine bezeg we şekillendiriş sungatynda uly baha berilýär. Esbaplar, bezeg ýadygärlikleri ýasalýar. Guşuň şypa beriji ýagy bahasyna ýetip bolmajak tebigy derman serişdesidir. Ol görüjiligi gowulandyryp, saçyň, dyrnagyň, deriniň ýagdaýyna täsir edýär. Bir düýeguş ýumurtgasy 20 – 30 sany towuk ýumurtgasynyň ýerini tutýar.
Biz önümleriň kemala gelmegindäki ýagdaýyň her tapgyra aýratyn üns berýäris. Biziň maksadymyz, sagdyn durmuş ýörelgesini goldaýan tebigy, organiki önümleri öndürmek.