Ï Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

view-icon 1673
Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň esasy wezipelerinden ugur alyp, merdana Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Esgerleriň, serkerdeleriň harby taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda olaryň ýaraglara, harby tehnikalara erk etmek ukyplarynyň berkidilmegine, harby düzüm böleklerinde sazlaşykly hereketleriň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketlerini kemala getirmek, harby gullukçylaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçleriniň goranyş mümkinçiliklerini hem-de kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen, harby-türgenleşik okuwlary yzygiderli geçirilýär.

Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion serişdelerine hem-de iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn orun degişlidir. Harby deňizçiler okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etdiler hem-de döwletimiziň deňiz serhetleriniň, tutuş ýurdumyzyň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara başarnykly erk etmek ukyplaryny görkezdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýokary söweşjeň ussatlygyny görkezip, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mälim bolşy ýaly, watançylyk, edermenlik we batyrlyk asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdir. Watan goragçylarynyň häzirki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borjy mynasyp berjaý edýärler, ata-babalarymyzyň wepalylyk, ýurdy goramaga taýýarlyk, gahrymançylyk ýörelgelerine eýerýärler.

Şu gezekki okuw türgenleşikleriniň barşynda türkmen esgerleri nobatdaky gezek edermenligiň, dogumlylygyň, gaýduwsyzlygyň, häzirki zaman harby tehnikalaryna we ýaraglara erk etmegiň nusgasyny, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini, sazlaşykly hereketleriň kämil derejesini görkezdiler. Bularyň ählisi esgerleriň öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge ygrarlydyklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerýän harby gullukçylaryň öz hünär derejesini, başarnyklaryny hemişe kämilleşdirýändikleriniň aýdyň mysalydyr.

Okuw türgenleşikleriniň çäklerinde dürli harby tehnikalaryň, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamlarynyň, ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň sergisi guraldy.