Ï Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri döwlet hyzmatlary portalynda elýeterlidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri döwlet hyzmatlary portalynda elýeterlidir

view-icon 2105
Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri döwlet hyzmatlary portalynda elýeterlidir

Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri satuwa çykaryldy! 

Olary «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň döwlet hyzmatlary portalyndan onlaýn saýtyndan alyp bilersiňiz. Petekleriň bahasy 75 manat.

2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan «Awtomobil ulag hyzmaty» paýdarlar jemgyýeti Aşgabat Halkara awtobus menzilini we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny birleşdirjek täze gündelik gatnawy ýola goýýar.

Bu ýol paýtagtymyz bilen Hazar deňziniň kenaryndaky meşhur şypahananyň arasynda amatly we elýeterli ulag baglanyşyklaryny üpjün eder.

Awtobuslar aşakdaky tertibe laýyklykda hereket eder: Aşgabat – Awaza ugry A.Nyýazow şaýoly-422 ýerleşýän Halkara awtomenzilinden 06:00-da ugraýar.

Awaza – Aşgabat ugry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan 13:00-da ugraýar.

Has giňişleýin maglumat almak we petek buýurmak üçin aşakdaky aragatnaşyklary ulanyp bilersiňiz:

Telefon: 44-35-30, 44-35-20

Sahypa: www.auh.com.tm

Poçta: auhyzmaty@sanly.tm