2024-nji ýylyň 3-iýunyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary N.Jumaşowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Maslahata BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (UNFCCC) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we daşky gurşaw edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri we alymlar gatnaşýar. 198 ýurduň wekiliýetleri 11-22-nji noýabr aralygynda Bakuda geçiriljek UNFCCC maslahatyna (COP-29) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Bonnda duşuşdylar.
Umumy mejlisde çykyş etmek bilen türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, bu başlangyjyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtady.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Umaira Tagiýewa, Ýaşyl howa gaznasynyň wekili doktor Amgad Elmahdi, Howa tehnologiýlary boýunça toruň we merkeziň Direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rajiw Gargo, UNFCCC-niň wekilleri Nattli Williams we Maýa Shwaradhe bilen duşuşygy geçirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahaty öz işini 2024-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli dowam eder.