Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek

view-icon 2862

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Häzirki wagtda gülläp ösýän Watanymyzda ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, mynasyp zähmet çekmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny doly açmak, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

27-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işlerini, gowaça we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi boýunça meseleleri hem-de ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda görülýän çäreleri gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklar berildi.

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly kanunlaryň, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça meseleler bar. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynda maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, tomus möwsüminde ulag serişdeleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäherinde geçiriljek möhüm çäreler barada hem aýdyldy. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Däp bolan bäsleşige ýaşlaryň 1670-si gatnaşyp, şolaryň 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 26-27-nji maýda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada-da hasabat berildi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwata eýedigi bellenildi. Hususy pudagyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçinem uly mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine garaldy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda türkmen tarapy gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Hazar deňziniň meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. Astanada geçirilen duşuşyklardyr gepleşikleriň netijeleri boýunça köpugurly türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 28 — 30-njy maý aralygynda Italiýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada-da habar berildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu sapary daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen guraldy. Ýurdumyzyň geljegi nazara almak bilen, netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatynda bilelikde işlemek üçin gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynda jogapkär wekilleri bellemegi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri özünde jemleýän orta möhletli meýilnamany taýýarlamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny belläp, döwletara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Şeýle-de geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň degişli etraplarynda şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap şalynyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bolsa zyýaratçylary eltmek we yzyna getirmek üçin öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy amala aşyrar.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, lukmanlaryň hünär derejesini we lukmançylyk hyzmatlaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly meselelere ünsi çekdi.

1-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alyp baran işleri, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi tarapyndan ýerine ýetirilen işler we beýleki meseleler girizildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, hususan-da, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Balkan welaýatynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Olarda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion serişdelerine, iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn üns berildi. Okuw türgenleşikleriniň barşynda türkmen esgerleri nobatdaky gezek edermenligiň, dogumlylygyň, gaýduwsyzlygyň, döwrebap harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň nusgasyny, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň, sazlaşykly hereketleriň kämil derejesini görkezdiler.

Paýtagtymyzda şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň deputatlygyna halkyň has mynasyp wekilleri dalaşgärlige hödürlenilýär. Häzirki wagtda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Üç okrugyň çäklerinde 60 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň hemmesi degişli guramaçylyk enjamlary, saýlawlar boýunça maglumatlar bilen üpjün edildi.

Asylly däbe görä, 1-nji iýunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu senä bagyşlanan dabaralar çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna ajaýyp sowgat boldy. Maşgala bolup dynç almak üçin amatly şertler döredilen bu dynç alyş merkezi durmuş, ykdysady, medeni ösüşde iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolandygy üçin etraba gowşurylan 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragynyň hasabyna guruldy hem-de enjamlaşdyryldy. Merkeziň bagy-bossanlyga bürenen çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilipdir.

Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şol gün Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmegi, döredijilik mümkinçiliklerini we zehinlerini ýüze çykarmagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär saýlap almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe-sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar we ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Tomaşaçylaryň öňünde ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary, tennis boýunça ussatlyk sapaklary ýaýbaňlandyryldy. Geçen ýyl türkmenistanly tennisçiler halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, 39 medal gazandylar (şolardan 12-si altyn, 10-sy kümüş, 17-si bürünç medal). Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly we tansly çykyşlary, türgenleriň akrobatika, çeper gimnastika boýunça ýerine ýetiren tilsimleri özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2-nji iýunda gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökdere, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri dynç almaga gelýän çagalar üçin gapylaryny giňden açdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösdürmek boýunça meseleleriň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Hut şeýle toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn çemeleşme hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmaga, rowaçlygyny üpjün etmäge, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.