Ï «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri

view-icon 2231
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak, Amyderýanyň hanasyny arassalamak we çuňaltmak, ulag we gurluşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýan «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar.

Kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň bäş aýynda degişli meýilnama 110 göterimden gowrak amal edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 113 göterimden geçipdir. Bu ýerde ýük daşamaklyk, şol sanda suw üsti ponton geçelgesi, ulag hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk, gämileri abatlamak we gämi gurluşygy bölümi boýunça işleriň hersinde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen amal edilendigini, ösüş depgininiň hem degişlilikde 121 we 130 göterime golaý bolandygyny bellemek buýsançlydyr.

Paýdarlar jemgyýetine degişli läbik sorujylaryň 4-siniň Amyderýanyň dürli ýerlerinde işlemekligi derýanyň hanasyny arassalamaklyga we akymyny sazlamaklyga ýardam edýär. Halaç we Hojambaz etraplarynyň çäginde ýerleşýän Pelwert-Mekan ponton köprüsiniň hem ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli ýükleri daşamakda, şeýle hem raýatlarymyzyň gatnawlary üçin aýratyn ähmiýete eýedigini, bu ýerden günüň dowamynda ýeňil awtoulaglaryň 500-e, ýük awtoulaglarynyň hem 70-den gowragynyň geçýändigini bellemek bolar. 

Kärhananyň çäginde buýurmalar esasynda gämileri abatlamak işleri hem amala aşyrylýar, şeýle hem gämiler we beýleki tehnikalar üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň kärhananyň özünde ýasalmagy önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öz hünärmenleriniň güýji bilen bu ýerde ÇIZ – 01M kysymly, bir sagadyň dowamyndaky iş öndürijiligi 250 kub metre deň bolan läbik sorujyny ýasamaklyga girişilip, onuň gabarasy (korpusy) taýýar edilipdir we häzirki wagtda daşary ýurtdan bu kuwwatly maşynyň hereketlendirijisini hem-de beýleki zerur enjamlaryny getirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. 

Ýeri gelende häzirki wagtda bu paýdarlar jemgyýetiniň öz güýji bilen ýasan LS-7 belgili, kuwwaty bir sagatda 120 kub metre barabar bolan läbik sorujynyň derýanyň hanasynda netijeli işledilýändigini ýatlap geçmek bolar. «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň gerimini giňeltmek, onuň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça hem netijeli işler amala aşyrylýar.