Ï Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 2676

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy we 72-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Gaýgysyz Kakabaýewiç Orazmyradowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden;

Jumamyrat Çaryýewiç Açylowy Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden;

Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden;

Sulgunjemal Saparbaýewna Tulekowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden;

Mekan Ýazmyradowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Türkmengala etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Soltanmyrat Tuwakmyradowiç Tuwakmyradowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;

Mekan Aşyrgeldiýewiç Ilýasowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;

Mährijemal Rejepmuratowna Tokaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini;

Aýna Jumageldiýewna Geldiýewany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Maksat Baýramowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden;

Öwezmyrat Ýaranowiç Ataýewi ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuny.