Ï Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

view-icon 1668

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler geçirildi. 

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

– «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 

– «Türkmengaz» döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary doly taýýar edip gurmak şerti bilen taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk; 

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň Eksport-Import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,

– Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama. 

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler. 

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we wekiliýetiň agzalaryna açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.