Ï Türkmenistanda «Zenan telekeçiler akademiýasy» maksatnamasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Telekeçi zenanlar akademiýasy» maksatnamasy geçirildi

view-icon 2327

Türkmenistanda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler bileleşigi şu ýylyň mart aýynda başlanan «Telekeçi zenanlar akademiýasynyň» birinji maksatnamasy geçirildi.

Maksatnamanyň ahyrynda taslama gatnaşyjylar bilermenler toparyna öz işewürlik pikirlerini hödürlediler. ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris çäräni açyp, şu ýyl Türkmenistanyň «Telekeçi zenanlar akademiýasyna» gatnaşýan 100 ýurduň hataryna goşulandygyny aýtdy. Maksatnama diňe Aşgabatda däl, eýsem, Daşoguz, Mary we Türkmenabat welaýatlarynda-da geçirildi. Üç aýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Arizona ştatynyň uniwersitetiniň Thunderbird ählumumy dolandyryş mekdebinde işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursyny geçdiler. Şeýle hem hepdelik göni sapaklara gatnaşyp, şol sapaklarda telekeçilik meýilnamasyny düzdüler.

«Telekeçi zenanlar akademiýasy» (AWE) – Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, telekeçi zenanlara üstünlikli täjirçilik işini döretmek we ösdürmek üçin olara zerur bilimler, ulgamlar we hem-de olaryň elýeterliligini üpjün edýär. Maksatnamanyň ilkinji 50 uçurymy şenbe güni 25 000-den gowrak AWE uçurymlary dünýä jemgyýetçiligine goşuldy.