Ï «Senagatbank» toparyndan üstün çykan «Köpetdag» topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşigi has-da gyzykdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Senagatbank» toparyndan üstün çykan «Köpetdag» topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşigi has-da gyzykdyrdy

view-icon 2670
«Senagatbank» toparyndan üstün çykan «Köpetdag» topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşigi has-da gyzykdyrdy

Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklarynda «Senagatbank» topary «Köpetdag» toparyndan 2:6 hasabynda utulyp, ilkinji ýeňlişe sezewar boldy.

Bu garşydaşlaryň häzirki milli çempionatdaky ikinji duşuşygydy. Birinji aýlawda «Senagatbank» topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Duşuşygyň ilkinji 20 minudy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary üçin şowly boldy ol 2:0 hasabynda öňe çykdy. Ikinji ýarymda «Senagatbank» toparynyň Rahatmyrat Nepesowyň (21-nji minutda) we Nepesgeldi Ataýewiň (27-nji minutda) takyk urgulary netijesinde hasaby deňledi – 2:2. Emma öňbaşçynyň goragda goýberen ýalňyşlyklary Türkmenistanyň wise-çempionyna ýene-de öňdeligi eýelemäge, üstünligi berkitmäge we oýny ýeňişli tamamlamaga mümkinçilik berdi. «Köpetdag» toparyndan Sähetmyrat Atdaýew (6-njy we 39-njy minutlarda) iki, Mülkaman Annagulyýew (28-nji, 32-nji we 40-njy minutlarda) üç, Gurbangeldi Sähedow (20-nji minutda) bir pökgi geçirdiler.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Deňizçi» topary TNGIZT toparyny 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň birinji ýarymynyň 13-nji minudynda Mekan Şamyradowyň öz derwezesine salan pökgüsinden soň öňe çykan TNGIZT toparynyň oýunçylary Türkmenistanyň häzirki dört gezek çempionyndan pes däldi. 19-njy minutda Kirill Çaryýew «Deňizçi» toparynyň saýrylygyny iki esse köpeltdi. Şondan bir minut soň Taňryberdi Amangeldiýew bir pökgi geçirdi we «Deňizçi» toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda Ýakup Öwezowyň tälim berýän «Deňizçi» topary garşydaşynyň derwezesine ýene dört pökgi geçirdi, Abdylla Nursähedow (22-nji minutda), Alişer Hudaýbergenow (28-nji minutda), Gylyçmyrat Gylyçmyradow (30-njy minutda) we Süleýman Agöýliýew (37-nji minutda) tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdiler. Duşuşygyň ahyrynda TNGIZT toparyndan Çaryýar Gurbannyýazowyň (39-njy minutda) takyk urgusy bilen jogap pökgüsini saldy.

«Senagatbank» topary «Köpetdag» toparyndan ýeňilmegi we «Deňizçi» toparynyň TNGIZT toparyndan üstün çykmagy Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda medallar ugrundaky göreşi birneme güýçlendirdi. Bu duşuşyklardan soň «Deňizçi» topary öňbaşçydan utuk tapawudyny 6 utuga çenli azaltdy, «Senagatbank» topary 27 utuk bilen henizem öňde barýar. «Köpetdag» topary bu toparlaryň yzyndan ýetmäge synanyşyp, ol 19 utuk bilen ikinji orundaky «Deňizçi» toparyndan 2 utuk aratapawudy saklap gelýär.

12 utuk bilen dördünji orny Daşoguzyň «Turan» toparyny 2:1 hasabynda ýeňen «Migrasiýa» topary eýeleýär. Ýeňijilerden Daýanç Garajaýew (6-njy minutda) we Ysmaýylmuhammet Öwekow (12-nji minutda), ýeňilenlerden Sirožiddin Jumanyýazow (34-nji minutda) tapawutlandylar.

Ikinji aýlawyň soňky üç tapgyrynyň duşuşyklary Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirildi. 

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň üçünji aýlawy şu ýylyň sentýabr aýynda başlanar.