Ï Ylym özgerişler ýolunda möhüm ugurdyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym özgerişler ýolunda möhüm ugurdyr

view-icon 1297
Ylym özgerişler ýolunda möhüm ugurdyr
camera-icon
Ahmet Öwezmuhammedow

Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şeýle at bilen sergi açyldy. Sergi iki bölümden ybarat. Birinjisi taryh we arheologiýa ylymlaryna bagyşlanýar.

Bu ýerde gadymy Altyndepe şäheriniň çäginde, Garadepede, Ýylgynlydepede, Ýalaňaçdepede we Türkmenistandaky beýleki taryhy ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işleriniň fotosuratlary goýlupdyr. Dürli gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan artefaktlar suratlaryň ýanynda görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gap-gaçlar, arameý ýazuwly ostrakonlar, binagärlik bölekleri, özboluşlylygy we ajaýyp bezegi bilen ünsi özüne çekýän diwar plitalary bar. 1960-njy ýylda Türkmenistanyň çägindäki bürünç asyryndaky depelerde gözlegler geçiren belli arheolog A.M.Mandelştamyň meýdan işleriniň gündelikleriniň sahypalary, şeýle hem 1952-nji ýylda Gyzylarbadyň günbatarynda ýerleşýän ýadygärlikleri öwrenen meşhur arheolog W.M.Massonyň gündelikleri ünsi özüne çekýär.

Serginiň ikinji bölümi paleontologiýa, geologiýa we beýleki tebigy ylymlara bagyşlanýar. Bu ýerde dokumental fotosuratlar, mikroskoplar we dürbüler, dürli laboratoriýa enjamlary, Türkmenistanyň minerallarynyň ýygyndysy: hek daşy, mermer oniks, halsedon, selestin, kwars žeodlary, gips we beýleki minerallar, paleontologik tapyndylar, gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň daşa öwrülen galyndylary görkezilýär. Olaryň arasynda mezozoý eýýamynda deňizlerde we ummanlarda ýaşan ammonitler we deňiz balyklary, geologlaryň Tuargyrda tapan perm eýýamyndan galan 65 million ýaşan daşa dönen agaçlar, paporotnik ýapraklarynyň bentonitde galan yzlary bar.

Serginiň esasy bölegini türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan türkmenistanly alymlaryň portretleri tutýar. Ýörite tekjelerde bolsa ylmy edebiýatlar goýlupdyr.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Soňra myhmanlara – Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýewe, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Annamuhammedowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgerek Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň esasy ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejebaý Kokanowa, «Ahal durmuşy» gazetiniň bölüm redaktory Dürnabat Aşyrowa söz berildi. Myhmanlaryň gyzykly çykyşlary sergä gelenleriň el çarpyşmalary bilen garşylandy.