Ï Kitaphana işgärleri beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hakynda çagalar bilen söhbetdeşlik geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitaphana işgärleri beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hakynda çagalar bilen söhbetdeşlik geçirdi

view-icon 1673
Kitaphana işgärleri beýik Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hakynda çagalar bilen söhbetdeşlik geçirdi

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär.

Olar üçin dürli medeni, sport, okuw we bilim çäreleri guralýar. Bu çärelere ýurdumyzyň kitaphana işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi.

«Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly söhbetdeşlikde çagalara akyldar şahyryň Watany we onuň ajaýyp tebigatyny söýmegi öwredýän, olary mertlige, dogruçyllyga we adyllyga çagyrýan goşgulary barada gürrüň edildi. Surat çekmek bilen gyzyklanýan oglanjyklar hem gyzjagazlar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini şekillendirmek esasynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Guralan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dürli ýaşdaky ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda «Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä gatnaşanlar beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasynyň türkmen halky we tutuş adamzat üçin ajaýyp ähmiýetini bellediler we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täze kitap neşirleri barada gürrüň berdiler. Şahyryň ýaş nesle maksada okgunly, ýokary sowatly we ahlakly, ýurduň, şeýle hem tutuş adamzat bähbidine asylly işleri amala aşyrmaga mynasyp bolmakda ýardam edýän şygryýetiniň tükeniksiz terbiýeçilik ähmiýeti aýratyn nygtaldy.