Ï «Pursat» oýny: Magtymguly häzirki zaman teatr sungatynyň dilinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Pursat» oýny: Magtymguly häzirki zaman teatr sungatynyň dilinde

view-icon 1208
«Pursat» oýny: Magtymguly häzirki zaman teatr sungatynyň dilinde
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pursat» oýnunyň öňgörmesi uly üstünlik bilen geçdi. 

Hem dramaturg, hem-de oýnuň saz bezegçisi bolan ýaş režissýor Mekan Jumabaýew tomaşaçylara Magtymguly Pyragy hakynda metafizika dilinde gürrüň berdi. Şahyr goşgularynda birnäçe gezek oraşan düýşlerine ýüzlenýär. Mekan oýundaky wakalary şahyryň düýşi we huşy aralygyndaky pursatlar esasynda beýan edipdir, şonuň üçin-de bu oýna «Pursat» diýlip at berlipdir.

Oýunda içinden metafizika eriş-argaç bolup geçýän köp ýordum bar, olar mundan başy çykmaýan tomaşaça kän bir düşnükli däl, ýöne gyzykly we owadan.

Oýnuň sazy şowly çykypdyr, ol mukama däl-de, sese esaslanýar. Hut şu ses-de pursatyň dartgynlylygyny nygtaýar. Saz bezegi teatr orkestriniň sazandalary tarapyndan gönüden-göni oýun gidip durka ýerine ýetirildi.

Magtymguly Pyragy köp sanly ynsan nogsanyndan azat bolan ajaýyp jemgyýet hakda arzuw edipdir. Gara perdäniň aňyrsynda göriplige, dawa-jenjele we serhoşluga ýüz uran adamlaryň kölegeleri çala görnüp ýitýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň täsiri astynda jemgyýet olardan arassalanýar.

Oýunda bir nyşanyň ornuny ýene biri tutýar. Oýnuň başynda peýda bolan ak top barha ulalýar – bu Magtymguly Pyragynyň ulalýandygyny we kämillik derejesine ýetendigini görkezýän ýyllar. Top, togalanyp barýan gar togalagy ýaly, oý-pikirleri we başdan geçirilýän gara günleri özüne siňdirýär. Iň täsirli sahnalaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň orkestr çukurynyň germewinden geçmegidir. Şahyr prožektoryň yşygynda howadan gaýyp barýan ýaly ýöreýär welin, tomaşaçy ony keramatly adam hökmünde kabul edýär.

– Meniň üçin Magtymguly Pyragy türkmen halkynda tötänden ýüze çykan şahsyýet däl – diýip, Mekan Öwezowiç gürrüň berýär. – Ol türkmen aňyýetiniň berkarar bolmagynyň açarydyr.

Darganataly ýigdekçe, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň okuwçysy Mekan Jumabaýew Moskwanyň Medeniýet uniwersitetine kwota boýunça girdi, magistraturany bolsa Žurgenow adyndaky Gazagystan Milli sungat akademiýasynda geçdi. Mekan Öwezowiç täze garaýyşly režissýor. Ol Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Söýgüliňizden aýrylmaň» oýnunda özüni görkezdi. Onuň işleriniň aýratynlyklaryndan biri-de sahnadaky rekwizitiň gahrymanlar bilen deň hatarda waka gatnaşmagydyr. Indi bolsa tomaşaçylar ony «Pursat» oýny üçin alkyşlaýarlar.

Biz özüni iň gowy tarapdan görkezen zehinli ýaş režissýory tüýs ýürekden gutlaýarys we mundan beýläk-de geň galdyrjak hünärli işlerinde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.