Ï ÝUNISEF we milli hyzmatdaşlary adatdan daşary ýagdaýlara taýynlygy üpjün etmek boýunça çäreleri geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNISEF we milli hyzmatdaşlary adatdan daşary ýagdaýlara taýynlygy üpjün etmek boýunça çäreleri geçirdiler

view-icon 1277
ÝUNISEF we milli hyzmatdaşlary adatdan daşary ýagdaýlara taýynlygy üpjün etmek boýunça çäreleri geçirdiler

2024-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 15-nji iýunyna çenli ýerli häkimlikleriň adatdan daşary ýagdaýlara taýynlyk we olaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy we gurluşyk, mekdebe çenli we orta mekdep bilimi, umumybilim berýän orta mekdepleriň ýolbaşçylary, mugallymlary we tehniki işgärleri adatdan daşary ýagdaýlara taýynlygy üpjün etmek we betbagtçylyk howpuny azaltjak mümkinçilikleri artdyrmak boýunça çärelere gatnaşdylar.

Türkmenistanda çäreler tutuş ýurt boýunça Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we ýerli häkimlikleriň goldawy bilen ÝUNISEF tarapyndan guraldy. Bu çärelere Aşgabat şäherinden, şeýle hem Ahal, Mary, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndan 67-den gowrak edara gatnaşdy.

Çäräni ÝUNISEF-iň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we betbagtçylyk howpuny azaltmak boýunça hünärmeniniň goldawy bilen ÝUNISEF-iň milli geňeşçisi geçirdi. Olara tebigy betbagtçylyklara garşy jemgyýetleriň we edaralaryň taýynlygyny we çydamlylygyny ýokarlandyrmak, çagalaryň hem beýleki ejiz toparlaryň goragyny, abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti-de goldady.

Tälim okuwynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk üpjün edilýän we olaryň öňüniň alynýan wagtynda çagalaryň zerurlyklarynyň we hukuklarynyň bu çäreleriň merkezinde bolmagyny kepillendirmek üçin dürli hyzmatdaşlaryň arasynda gepleşikleri ýola goýmakda interaktiw çemeleşme ulanyldy. 

Şeýle hem bu okuw çagalaryň bähbidini göz öňünde tutýan köp pudaklaýyn amatly çemeleşmäni ösdürmäge gönükdirildi. Bu çemeleşme betbagtçylyk howpuny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýerli hem sebit derejesinde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk çärelerinde öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, sapaklarda adatdan daşary ýagdaýlarda jyns deňsizliginiň howpuny azaltmak boýunça çäreler öwrenildi.