Ï Teatryň Magtymguly Pyragy hakynda täze spektakly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatryň Magtymguly Pyragy hakynda täze spektakly

view-icon 4196
Teatryň Magtymguly Pyragy hakynda täze spektakly

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe mynasyp sowgat taýýarlady.

Teatryň sahna ussatlary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly spektakly tamamlap, görkezilişe hödürledi. Oňa tanymal medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem teatr muşdaklary gatnaşdylar. Umuman, beýik şahsyýetlerimiz, dünýä ýaň salan taryhy wakalar bilen baglanyşykly sahna oýunlaryny goýmaklykda teatryň döredijilik toparynyň ýeterlik tejribesiniň, aktýorlaryň ussatlyk gorunyň bardygyny ýatlap geçmek bolar.

Bu ýerde sahnalaşdyrylýan ata-babalarymyzyň öçmejek nur çaýan şanly geçmişimizi, halkymyzy millet hökmünde orta çykaran milli däp-dessurlarymyzy öz içine alýan taryhy eserler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Elbetde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny açyp görkezmek, nesillere ýetirmek, dünýä çykarmak döwrümiziň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ynha, şu mukaddes ýol-ýörelge esasynda, şeýle hem beýik söz ussadynyň şanly ýubileýi mynasybetli sahnalaşdyrylan, akyldar şahyryň ýetginjeklik ýyllaryny öz içine alýan täze spektakl, hem mazmun, hem tema taýdan tüýs jüpüne düşen sahna eseri diýip kabul etse bolar. Spektaklyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romanynyň äheňi esasynda teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow ýazypdyr. Täze sahna eserinde Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik döwründe Hakyň ýoluna, çuňluga, kämillige ymtylyş döwri, düýşünde erenlerden pata alyp, şygryýetiň ylahy ýoluna düşen halatlary, şeýle hem Meňli gyza bolan ataşly söýgüsi bilen baglanyşykly wakalar beýan edilýär. Beýik şahyryň atasy hem-de ilkinji halypasy-mugallymy Döwletmämmet Azadynyň oglunda bolýan täsin ahwalatlara, arşy zehinine göz ýetirmegi, onuň ylym dünýäsine, Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň edebi dünýäsine aralaşmagy üçin edýän aladalary, Magtymgulynyň ejesi Orazgülüň, Azadynyň dosty Selim Magtymyň bu babatda Döwletmämmet Azady bilen pikirdeş bolup, berýän goldawlary gyzykly we gapma-garşylykly wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär.

Spektaklda Magtymguly Pyragynyň ylahy zehininiň ylahy söýgi bilen utgaşmagy, bu ýerde ykbalyň öňde goýan gapma-garşylyklary zehini gursagyna sygmaýan ýaş ýigidiň kalbynda adamzat, pelek, yşk, hak we nähak baradaky dünýewi garaýyşlary, halallyk, ynsanperwerlik, gylyk-häsiýet, merdi-merdanalyk, Watan, ene toprak baradaky pelsepewi pikirleri kemala getirýär. Spektaklda Magtymguly Pyragynyň atasy Azadynyň keşbini teatryň tejribeli aktýorlarynyň biri Çary Rahmankulow hem-de ejesi Orazgülüň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa ynandyryjy ýerine ýetiripdirler. Magtymguly Pyragynyň söýgülisi Meňliniň keşbini onuň bütin gapma-garşylygy bilen bilelikde zehinli aktýor Umida Hamraýewa tomaşaçylara ýetirip bilýär. Azadynyň dosty Selim Magtymyň we onuň aýaly Ogulşekeriň keşplerini teatryň tejribeli artistleri Çary Dolyýew hem-de Jemal Arazmuhammedowa döredipdirler.

Bulardan başga-da spektaklda Meňliniň ejesiniň, Şanyýaz hanyň, Azadynyň ogly, Magtymguly Pyragynyň dogany Muhammetsapanyň keşplerini döreden sahna ussatlygynyň inçe tilsimlerini ele alan Aýna Rozyýewanyň, Nurýagdy Döwletowyň, Remezan Allaberdiýewiň yhlaslarynyň ýerine düşendiklerini bellemek bolar. Ýene-de bir aýratyn bellenilmeli zat – spektaklda Magtymguly Pyragynyň keşbiniň bolmazlygy. Sahnadaky beýik şahyr baradaky dartgynly wakalar her bir tomaşaçynyň kalbynda öz Pyragysyny döredýär. Bu hem oýny goýujylaryň üstünligidir. Spektaklyň beýik Pyragynyň ýaşan döwrüniň milli we ruhy ýörelgeleri bilen utgaşyp, ilhalar, ynandyryjy bolmaklygy üçin yhlasly zähmet çeken, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, zehinli suratkeş Myrat Haýtyýewiň, sahna eserini saz bilen utgaşdyran Ruslan Hemraýewiň hem irginsiz gözlegleriniň şowly bolandygyny aýtmak bolar.

Spektaklyň jemleýji görnüşiniň tomaşaçylaryň umyt bilen garaşan hyýalaty bilen utgaşyp gitmegi-de tutuş sahna oýnuna aýratyn mazmun çaýypdyr. Umuman, täze spektakl Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine mynasyp sowgatdyr.