Ï Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlanýar

view-icon 3246
Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlanýar

22 – 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler.

Bu ýyl bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.

Şu döwürde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar häzirki zaman şäherinde ornaşdyrylan maglumat tehnologiýalaryna we şäher düzümlerine ýokary baha berdiler. Bu ýerde uly göwrümli medeni çäreler, şol sanda Wena baly https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/76503/v-gorode-arkadag-sostoyalsya-v-venskij-bal-i-koncert-turkmeno-avstrijskogo-simfonicheskogo orkestra- galkynys we «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirildi.

Öz sene ýazgysyny dowam edip, ýakyn günlerde Arkadag şäheri köpçülikleýin medeni-magaryf çäreleriniň merkezine öwrüler.

Medeniýet hepdeliginde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda «Kompozitor» çeper filmi, häzirki wagtda taýýarlanylýan «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi we başga-da ençeme gyzykly çykyşlar görkeziler.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tomaşaçylary sahnalaşdyrylan «Göroglynyň döreýşi» tomaşasy bilen begendirer.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şygryýet agşamlary guralar we şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň hatyrasyna yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanylar.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda sergiler hem-de döredijilik duşuşyklary geçiriler.

27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçiriler.

Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi her ýyl geçirilýän we garaşylýan wakadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden sungat we medeniýet işgärleri ýeten döredijilik sepgitlerini hem-de üstünliklerini görkezýärler. Geçen ýyl Medeniýet hepdeligi Aşgabat şäherinde geçirilipdi.