Ï Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

view-icon 1958
Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde senagat-önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler ähli ulgamlarda üstünlikli dowam etdirilýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden gelip çykýan wezipeler ilatyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Eziz watandaşlar!

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen milli toýy görnüşinde guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde yzygiderli geçirilip gelinýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda bu giň gerimli medeni forumyň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, halkymyza hem-de Watanymyza bolan beýik söýgüsinden kemala gelen Arkadag şäheri bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, sazlaşykly ösüşleriň şäheridir. Arkadag şäheri dana Pyragynyň dürdäne şygyrlarynda arzuw eden döwlet berkararlygynyň, il agzybirliginiň nusgalyk şäheridir.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

At-owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde dürli maksatly desgalar bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýaly birnäçe medeni aň-bilim edaralarynyň döwrebap binalary guruldy. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we kämilleşdirmekde örän ähmiýetli bolan bu binalar «akylly» şähere gelýän myhmanlary haýran galdyrýar. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak çäreler hem bu ajaýyp künjekde medeniýeti, sungaty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nobatdaky gezek giňden açyp görkezer.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatyny ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge aýratyn üns berýäris. Şoňa görä-de, Medeniýet hepdeliginiň çäginde sungatyň bu ugurlaryna degişli çäreler baý many-mazmunly we döredijilikli guralyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri aýdyň şöhlelenmelidir. Şahyrlaryň şygryýet agşamy il içinden täze zehinleriň ýüze çykarylmagynda, türkmen edebiýatynyň kämil eserler bilen baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr. Çünki dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde nusgawy şahyrymyzyň ýadygärliginiň we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleriniň, şol sanda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ylhamyny has-da joşdurýar.

Hormatly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berýäris. Bagtyýar watandaşlarymyzy halal hem netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmakda, döwletimiziň dünýädäki belent at-abraýyny giňden wagyz etmekde ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, teatr we kino işgärleriniň, kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň alyp barýan döredijilikli işine ýokary baha berýäris. Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin olary mundan beýläk-de ähli zerur şertler bilen üpjün ederis.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda baý mazmunly medeni çärä öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly medeniýet we 

sungat işgärleri!

Gadyrly Medeniýet hepdeligine 

gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.