Ï Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär

view-icon 2640
Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär

Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň gerimli medeni-köpçülik çärelerine baý boldy. Bu çäreler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň okgunly ösmegine möhüm goşant goşmak bilen, döredijilik işgärlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy bilen sazlaşýan eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň döwletiň ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi baradaky aýratyn aladalaryny şöhlelendirýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz boýunça, şol sanda Türkmenistanyň iň çetki şäherlerinde-de çagalar we ýaşlar üçin aýdym-saz, sungat merkezleri, döredijilik mekdepleri hereket edýär, dynç alyş we güýmenje maksatly desgalar gurulýar, çagalary sungat dünýäsine atarmak üçin ähli şertler döredilýär. Çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleri, festiwallar ýaş zehinleri öz ukyp-başarnyklaryny açmaga höweslendirýär. Bu asylly işler Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde günüň birinji ýarymynda guralan ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly çykyşlarynda-da öz beýanyny tapdy. Ýaşajyk artistleriň joşgunly aýdym-sazlarydyr tanslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Tämiz çaga kalbyndan joşup çykýan owazlar, şatlyga we mähre beslenen ajaýyp çykyşlar Watanymyza, öz arzuwlaryny hasyl etmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyň özboluşly çeper beýany bolup ýaňlandy. Körpeler dost-doganlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş hakynda aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini beýan edýän eserler hem girizildi.

Giň gerimli forum Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly döredijilik agşamy geçirilip, oňa Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köp sanly muşdaklary gatnaşdy. Türkmenistanyň tanymal söz ussatlaryny we ýurdumyzyň ähli künjeginden ýaş şahyrlary bir ýere jemlän bu duşuşyk özara tejribe alyşmaga ýardam berdi. Onda döredijiligi arkaly türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny, şahyrana diliniň şirinlidigini, her bir ynsanyň kalbyndan orun alýan gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň mizemez ebedi miras bolup durýandygy nygtaldy. Adamzadyň ruhy genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň beýik şahyryna bütin dünýäde uly hormat goýulýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary dürli dillere terjime edildi, alymlar tarapyndan eserleriniň içgin öwrenilmegi onuň şahyrana mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetini açyp görkezýär.

Döredijilik agşamyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň we ýazyjy-şahyrlaryň döredijilikli hem-de netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de Watana söýgi, türkmen topragynyň gözelligi, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler baradaky şahyrana şygyrlar, beýik şahyryň goşgulary okaldy.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň çäreleri Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda guralan giň gerimli konsert bilen tamamlandy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeniýet hem-de sungat ussatlary çykyş etdiler.