Ï Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynda «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynda «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 2917
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynda «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Myrat Baýramow

Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi dabaraly ýagdaýda başlandy.

Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda görkezilen «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi döredijilik baýramynyň «medeniýet marafonynyň» birinji gününi jemlän şanly wakalaryň biri boldy. Spektakly taýýarlamaga režissýor Bagtyýar Abaýew, söz ussady, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, ýaş dramaturg Abdylazym Rejebow, ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakda gürrüň berýän spektakl beýik türkmen şahyrynyň ykbaly bilen baglanşykly ruhy-ahlak gymmatlyklary babatdaky meseleleri gozgaýar. Şol bir wagtyň özünde, ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky gapma-garşylyk ähli döwürlerde halklary oýlandyran baky tema bolup galýar.

«Älem nury» spektakly Bagtyýar Abaýewiň we Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň ýaş toparynyň dördünji işidir. Aktýor Didar Kowusow milli akyldaryň keşbini döretdi.

Režissýor Bagtyýar Abaýew:

– Bu teatrymyzyň tutuş toparynyň gatnaşýan köpçülikleýin spektaklydyr. Magtymguly Pyragynyň gaýduwsyzlygy baradaky pikiri we geljekki nesiller üçin şahyrana mirasynyň aýratyn ähmiýetini tomaşaçylara ýetirmek bolsa möhüm işleriň biridir – diýip, gürrüň berdi.

Täze spektakly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar we çäräniň myhmanlary gyzgyn garşyladylar.

Indi tomaşaçylara «Göroglynyň döreýşi» atly sahnalaşdyrylan sirk tomaşasy görkeziler. Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň aktýorlarynyň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň sungat işgärleriniň bilelikdäki ilkinji işi gyzykly we şüweleňli bolar.