Ï «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

view-icon 1662
«Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty paýtagtymyzda geçirilen «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy we amaly maslahatyň netijeleri boýunça ylmy makalalar ýygyndysyny neşir etdi. Maslahat Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan bilelikde guraldy.

536 sahypalyk bu neşir maslahata gatnaşanlaryň, şol sanda halkara guramalaryň we ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleriniň tanyşdyryş çykyşlaryny özünde jemleýär. Onda Azerbaýjan, Belarus, Germaniýa, Italiýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Russiýa, Türkiýe we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň hem mugallymlarynyň işleri-de hödürlenýär.

Maslahatyň çäginde binagärlik sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, emeli aňyň kömegi bilen binagärlik we gurluşyk bilimini kämilleşdirmegiň ýollary, gurluşyk serişdelerini öndürmäge innowasion çemeleşmeler, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak we başga-da birnäçe wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda işleýän «Bouygues Batiment International» kompaniýanyň hünärmenleri häzirki zaman gurluşyk işinde energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmaklyk Arkadag şäherinde bina gurlanda öňe sürülýän esasy talaplaryň biridir.

Şu günler Arkadag şäheriniň döredilmeginiň ilkinji ýyllygyny belleýän «akylly» şäheriň, «Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna dahylly sebitde innowasion çözgütleri bolan durnukly, ýaşyl, howa babatynda oňaýly şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilendigini ýatladýarys.

Üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu ýygyndy häzirki zaman binagärliginde türkmen halkynyň medeni mirasy baradaky we däp-dessurlar bilen innowasiýalaryň arasyndaky deňagramlylygy ýüze çykarmaga degişli materiallary-da öz içine alýar. Neşir beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we ýurdumyzda her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanýar.