Ï «Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün

view-icon 1731
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew, Alekseý Gimalitdinow

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy. Maslahata medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, mugallymlardyr talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu mirasy dikeltmek bilen, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi kitaphananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan neşir önümleriniň sergisinde hem aýdyň beýanyny tapdy. Sergide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi barada ýazylan ylmy-köpçülikleýin neşirler görkezildi. Söz ussadynyň eserleriniň dünýäniň ähli künjeklerinde seslenme döretmegi oňa goýulýan ägirt uly hormatyň nyşanydyr. Şahyryň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek şygyrlary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Şeýle hem sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna aýratyn orun berlipdir.

Soňra dabara kitaphananyň mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň kitaphana işi boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistanda neşirýat pudagynyň okgunly ösüşe we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolandygyny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, şu gezekki çäre ähli gatnaşyjylaryň medeni hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga, medeni aň-bilim gymmatlyklaryny alyşmak üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar we dünýä tejribesi esasynda bitewi sanly kitaphana ulgamynyň döredilendigi bellärliklidir. Şol bir wagtda, yzygiderli geçirilýän usuly okuwlar, okuw maslahatlary, dürli bäsleşikler ugurdaş edaralaryň işgärlerine sanly tehnologiýalardan peýdalanmak babatda öz bilim derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kitaplary saklamak işini innowasion usulda ösdürmek, elektron neşirleri wagyz etmek, elektron maglumatlary, taryhy resminamalary, kitaplary uzak möhletleýin esasda saklamagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.

Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi, onuň taryhynyň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda döredilýän ähli zerur şertler, kitaphana işine döwlet derejesinde uly üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Soňra Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekden, wagyz etmekden, onuň çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda oňa gatnaşyjylary gazanan ýeňişleri bilen gutlady hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleriň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdendigini nygtady. Biz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyraga bagyşlap döwrebap we kämil eserleri döretmeklerine aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ýazyjy-şahyrlarymyzy, aýdymçylarymyzy, sahna ussatlarymyzy, suratkeşlerimizi ylham dünýäsine ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygrynda öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, dana şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sylaglanylmagy diňe bir döwletimiz tarapyndan berlen ýokary baha bolman, eýsem, ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, ýaşlary döredijilik işine giňden çekmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize ýaş nesiller barada edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, mundan beýläk-de yhlasly zähmeti bilen eziz Watanymyzyň abraýynyň, şöhratynyň artmagyna goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly çäre ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy. Konsert maksatnamasyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň okgunly ösüşini wasp edýän eserler girizildi. Ýaş artistleriň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyna döredilen aýdymlar hem ýaňlandy.

Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we “Kompozitor” atly çeper filmiň görkezilişi boldy. Türkmen kino sungatynyň şöhratly taryhynyň bardygyny bellemek gerek. Kinematograflaryň häzirki nesli bu sungatyň iň gowy däplerini ösdürip, onuň giň mümkinçiliklerini halkymyzyň ruhy ösüşiniň, ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesiniň bähbitlerine doly derejede herekete getirmäge çalyşýarlar. “Kompozitor” atly film Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Hepdeligiň her güni milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini şöhlelendirýän, halkymyzyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň döredijilik ruhy bilen aýrylmaz baglanyşýandygyny görkezýän ajaýyp wakalary öz içine alýar.