Ï Türkmenistanly zenan dramaturglary halkara teatr festiwalyna çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly zenan dramaturglary halkara teatr festiwalyna çagyrylýar

view-icon 1573
Türkmenistanly zenan dramaturglary halkara teatr festiwalyna çagyrylýar

16–27-nji noýabry aralygynda Stambulda zenan drama ýazyjylaryň halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu döredijilik festiwaly Türkiýäniň döwlet teatrlarynyň Baş müdirligi tarapyndan guralýar.

Festiwalyň wezipesi dürli medeniýete degişli zenan dramaturglaryň gözi bilen gören ýerli we ählumumy meselelerini açyp görkezmek, şeýle hem dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan diňe zenanlar tarapyndan ýazylan ajaýyp sahna oýunlary görkezmek üçin ýerlik bolup hyzmat etmekdir.

Türkmenistanyň häzirki zaman dramaturgiýasynyň wekilleri hem halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler. Munuň üçin istwomenplaywrightsfest@gmail.com elektron poçta doldurylan arzasyny we tutuş sahna oýnuň wideo ýazgysyny, şeýle hem Dropbox, Google Drive we şuňa meňzeş faýl çalşygy hyzmatlaryna salgylanma arkaly aýdyň düşen 10 sany suratyny ibermeli.

Toparyň agzalarynyň sany 20 adamdan köp bolmaly däldir (aktýorlar, tehniki we beýleki işgärleri goşmak bilen).

Arzalar 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Festiwal guramaçylarynyň habarynda bellenip geçilişi ýaly, zenanlar ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşa erkekler bilen egin-egne berip gatnaşmak bilen, öz pikirlerini beýan etmek hukugyny amala aşyrmak arkaly, oňa öz goşantlaryny goşýarlar, bu bolsa zenan dramaturgiýasyny has möhüm hadysa öwürýär.

Zenan dramaturglaryň sanynyň artmagy gymmatly eserleri döredip, teatr sungaty arkaly mukaddes hekaýatlaryny gürrüň berýär.