Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň heýkelleri: Şota Rustaweli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň heýkelleri: Şota Rustaweli

view-icon 4700
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň heýkelleri: Şota Rustaweli
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňýanynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň heýkelleriniň 24-si oturdyldy. Bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň zehinli ýazyjylarynyň käbirleri Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz «Gaplaň derisindäki pälwan» («Витязь в тигровой шкуре») eseriniň awtory Şota Rustaweli barada.

Şota Rustaweli – ХII asyryň beýik gruzin şahyry, gruzin edebiýatynyň beýik eserleriniň biri bolan «Gaplaň derisindäki pälwan» atly poemanyň awtorydyr. Şahyr baradaky biografik maglumatlar örän az. Şahyryň doglan we aradan çykan seneleri, onuň gelip çykyşy barada häzire çenli takyk maglumatlar ýok.

Şahyryň ömrüniň syrlary rowaýatlar bilen örtülendir, terjimehal düzüjiler häzire çenli jedel edýärler. Şahyrmy, suratkeşmi, monahmy? Onuň Alyhezretleriniň gaznaçysymy ýa-da şazenany Tamaranyň söýgülisimi?!

Şota Rustaweli Gresiýada okapdyr, soňra şazenany Tamaranyň hazynasynyň gaznaçysy bolupdyr. Bu döwür Gruziýanyň syýasy taýdan gülläp ösýän wagty hem-de söýgi poeziýasynyň galkynyşy döwri eken. Gomeriň poemalary hem-de Platonuň filosofiýasy, dini taglymatlar, şahyrana we ritorikanyň başlangyçlary, pars we arap edebiýaty bilen tanyş Şota Rustaweli özüni tutuş edebiýat işlerine bagyşlapdyr.

Şota Rustaweliniň aslynyň gelip çykyşynyň aristokratiýa degişlidigini çaklamaga has uly mümkinçilik bar, sebäbi Şota Rustaweli şanyň gaznaçysy bolup gulluk edipdir (XII asyrda şeýle wezipe has pes gatlakdaky adamlar üçin asla elýeterli bolmandyr). 

Şota Rustaweliniň bilimi babatda maglumatlar kän. Ol Gresiýada okapdyr, arap we pars edebiýaty bilen örän oňat tanyş bolupdyr. Şota Rustaweliniň şahyranalyk zehininden başga-da, çeperçilik zehini bolupdyr, ol ybadathanany dürli suratlar çekip bezemäge gatnaşypdyr.

Şahyryň durmuşy beýik şazenany Tamaranyň patyşalyk eden döwrüne gabat gelipdir. Şazenan edebiýata hemaýat edipdir. Gaznaçy Rustaweli köp sanly saparlarda Tamaranyň ýany bilen gidipdir we hekaýatlara görä, oňa örän aşyk bolupdyr. Bir gezek şazenan şahyra onuň şahyrana hyzmatlary üçin altyn ýelek sowgat beripdir. Ýaş ýigit şondan bäri, şazenanyň sowgadyny hemişe papagynyň üstünde berkidip gezipdir we ony hiç bir pula satmaga razy bolmandyr.

Şota Rustaweliniň aradan çykan senesi we nähili ýagdaýlarda dünýäden ötendigi belli däl, bu barada aýdylýan dürli wakalar bar.

Onuň poemasynyň mazmuny barada aýdylanda ol hemme döwre degişli nusgawy eser bolup her kime düşnüklidir. Arawiýanyň patyşasy ogly bolmandygy üçin şa tagtyna ýeke-täk gyzy Tinatinany geçirýär. Tinatina bolsa edermen serkerde Awtandilany söýüpdir. Eseriň ähli wakalary aşyk-magşuklaryň söýgüsiniň hem-de söweş meýdanynda esgerleriň gahrymançylygynyň töwereginde jemlenýär. «Gaplaň derisindäki pälwan» poemasy baky gymmatlyklar bolan watançylygy, söýgini, dostlugy wasp eden dünýä edebiýatynyň ýadygärligine öwrüldi. Eseriň içinden etniki öwüşgin eriş-argaç bolup geçýär, köpler Şota Rustawelini gruzin Şekspiri diýip atlandyrýarlar.

«Gaplaň derisindäki pälwan» eseriniň doly terjimeleri rus, nemes, fransuz, iňlis, arap, azerbaýjan, ermeni, belarus, osetin, ispan, italiýan, ukraýin, hytaý, kurt, pars, ýapon, çuwaş, polşa, iwrit, hindi we beýleki dillerde bar. Rus dilinde poemanyň doly şahyrana terjimeleriniň 5-si bardyr.

Şota Rustaweliniň ady Tbiliside gruzin drama teatryna, teatr institutyna dakyldy. Dünýäniň köp şäherlerinde giň şaýollar, köçeler, metrolaryň stansiýalary hem-de beýleki medeni desgalar onuň ady bilen atlandyryldy. Kawkazyň Bezengiý diwarynyň beýiklikleriniň birine Şota Rustaweli belentligi diýilýär.