Ï Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň WIPO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň WIPO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

view-icon 2229
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň WIPO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Baş direktory Daren Tangyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen WIPO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Hususan-da, intellektual eýeçilik pudagyna degişli Türkmenistandan hünärmenleri taýýarlamakda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmeginiň çäklerinde tehniki kömegi bermekde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

WIPO-nyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.