Ï Möjek Çaryýew: köpgyraňly zehinli nakgaş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möjek Çaryýew: köpgyraňly zehinli nakgaş

view-icon 591
Möjek Çaryýew: köpgyraňly zehinli nakgaş
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň wizitkasynda Türkmenistanyň kinematografiýaçylar birleşiginiň we Suratkeşler birleşiginiň agzasydygy, şeýle hem şaržçy, žiwopisçi, multiplikator diýlip onuň döredijilik ugurlary-da görkezilipdir.

Galyberse-de, Möjek Çaryýew ýurdumyzda geçirilen Aziýa oýunlarynyň baş nyşany bolan hoşamaýja Alabaýyň heýkeliniň hem awtorydyr. Möjek çaga döwri konditer kärhanasynyň direktory bolmagy arzuw edipdi. Hyýalynda ertirden agşama çenli kemputly çaý içip oturmaly diýip arzuw ederdi. Ýöne ulaldygyça durmuşda başga-da peýdaly zatlaryň köpdügine göz ýetirip ugrady. Aýdaly, surat çekmek. Baýramaly şäherindäki orta mekdepde okaýan döwri ýoldaşlary arakesmede dürli oýna güýmenýän çagy Möjek eline galamdyr kagyz alardy. Bir gezek surat mugallymy diwar gazetine syn edip, oňa: «Hereketi görkezmek saňa ýeňil düşýär. Senden gowy multiplikator çykar» diýdi. Bu sözler Möjegiň aňyna siňdi, şonuň üçinem 1967-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik orta hünär mekdebini tamamlandan soň ýoldaşlary Repin adyndaky we Surikow adyndaky institutlaryna okuwa synanyşan wagtlary ol resminamalaryny şol wagtky Bütinsoýuz kinematografiýa institutyna tabşyrdy. «Multiplikator-suratkeşlik» fakultetine höwesekler aktýorlyk bölümine isleg bildirýänlerden has azdy. 

– Resminamalary tabşyrýan döwrüm bir goja natýurtmort asmak üçin çekiç äbermegimi haýyş etdi – diýip, Möjek ýatlaýar. – Men iki stoluň üstünden böküp, oňa çekiç äberdim. Ýaşuly: «Ýaş ýigit, eliňe-de edil aýagyň ýaly erk edip bilýärmikäň diýýärin» diýdi. Soň görüp otursam, ol kabul ediş toparynyň başlygy Ýuriý Iwanowiç Pimenow bolup çykdy. Giriş synaglaryndan soň köp wagt okuwa girmedikleriň arasyndan öz adymy gözledim, ahyrsoňy okuwa kabul edilenleriň sanawyna-da seredeýin-le diýdim. Nesibäm çekip, bagty çüwen ýediň biri boldum! Belki, ýeser aýaklarym muňa ýardam edendir öýdüpdim. Ine, şeýdibem men Türkmenistanda elde çekilen ilkinji «Böwenjik» multfilminiň režissýory we suratçysy boldum.

Bu surat bolsa 1975-nji ýylda neşir edilen «Böwenjik» atly ertekiler ýygyndysynyň suratlarynyň biri. 

Suratkeşiň ussahanasynda onuň awtoportretine duş gelmedik, bu ýagdaý nakgaşlar hakda düşünjämize çapraz gelýärdi. Oňa derek okuwçysy Begenç Orazowyň we suratkeşler Zakirjan Babaýewiň we Anna Jumanyýazowyň çeken Möjek Çaryýewiň üç portretini gördük. Olary bir zat: asyl nusgasyna meňzemeýänligi birleşdirýärdi. 

Möjek Çaryýew:

– Muňa özümem üns berdim – diýdi. – Şu babatda portret žiwopisi bilen dost şaržy (degişme suraty) deňeşdirmekçi. Şaržda bar zat ýönekeý adam keşbini has häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarýaň-da, oňa grotesk goşaýmaly. Meniň çeken meşhur fransuz kinoaktýory Žan Renonyň şaržy ýaly.

Ine, bu «Bagyr» atly özümiň iň halaýan žiwopis işim. Bir wagtlar Martiros Sarýan bu manzary owadandan kaşaň şekilde tomaşaçylara ýetiripdi. Men şol bir manzary başgaça çal we gum reňkleriň ençeme nepis röwüşlerini ulanyp, ýönekeý reňklerde beýan etdim. Men manzara durmuş hakykatyny berdim welin, onda rahat asudalyk sazy oýandy. Bu suraty çekenimde hyýalymda Martiros Sarýan bilen jedele girdim, ony diňe tomaşaçy çözüp biler, onuňam, belki, her nakgaşyň öz dünýägaraýşy bar diýmegi mümkin – diýip, gürrüň berýär.

Möjek Çaryýewiň degişýändigine ýa-da çyndygyna düşünmek kyn, ýöne Martiros Sarýan manzary bilen deňeşdirilende, «Bagyr» suraty aýratyn gyzyklanma döredýär. Güýçli degişme duýgusy nakgaşyň üýtgeşik häsiýeti, ol döredijiliginde köplenç oňa kömek edýär. Bize bolsa, onuň işlerinden lezzet almaga mümkinçilik berýär. Möjek Çaryýewiň Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde gelşiklije Alabaýyň keşbini döretmegi onuň ildeşleriniň öňündäki uly hyzmatydyr. Aziýa oýunlary geçip gitdi, ýöne Alabaý welin galdy. Indi ol özbaşdak durmuşa eýe boldy. Indi ol ähli ýerde, dükanlaryň tekjelerinde we şäher ulaglarynda, çagalar futbolkalarynda we okuw esbaplarynda gabat gelýär. Olimpiýa stadionynyň çäginde hoşamaýja Alabaýyň ulaldylan heýkeli oturdyldy. Ol türkmenistanlylaryň ýüreginde orun tutdy, çünki nakgaş oňa öz şähdaçyklygyny we mährini siňdirdi.