Ï Türkmenistanyň ýaşlary: halkara gatnaşyklar strategiýasy hereketde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlary: halkara gatnaşyklar strategiýasy hereketde

view-icon 3097
Türkmenistanyň ýaşlary: halkara gatnaşyklar strategiýasy hereketde

Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşi ýaşlar baradaky meselelere neneňsi ünsli we çynlakaý garalmalydygyny görkezýär. Ýaş nesilleriň halkyň hem-de döwletiň ykbaly üçin jogapkärçilige düşünişi öz-özünden gerekli derejä ýetmeýär. Bu meselelerde maşgalanyň hem-de jemgyýetçilik we döwlet düzümleriniň tagallalary dogry ugra gönükdirilmelidir.

Terbiýe maşgaladan başlanýar hem-de bilim we jemgyýetçilik edaralarynda dowam etdirilýär. Türkmenistanda bu ugurda maksada gönükdirilen işleri alyp barmak üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şonda ýaşlar syýasatyny ösdürmegiň esasy maksatlary, wezipeleri we ýörelgeleri kesgitlenildi. Beýleki resminamada Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda ýaşlar bilen işlemek boýunça esasy wezipeler kesgitlenildi, şonda olaryň, hususan-da, Watana söýgi ruhunda terbiýelenilmegine, döwletiň ahlak esaslaryna aýawly garamagyna we ony gorap saklamagyna üns jemlenilýär. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy. Onda beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

Dürli ýurtlaryň ýaşlary üçin bilelikdäki festiwallara, forumlara, simpoziumlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmakdan gowy näme bolup biler?! Gündeki durmuşdaky gatnaşyklaryň tejribesinden şeýle çärelerde ýola goýlan tanyşlyk we dostluk gatnaşyklarynyň, düzgün bolşy ýaly, bolup geçen wakalar barada uzak wagtlap iň oňat täsirleri goýýandygy bellidir. Talyplyk ýyllaryndaky dostlukly gatnaşyklar hem köp wagtlap hakydaňda saklanýar. Şu babatda GDA agza ýurtlarynyň ýaşlaryny ýakynlaşdyrmaga gönükdirilip geçirilýän bilelikdäki çäreleriň netijeliligi boýunça tagallalaryny birleşdirmek baradaky çözgüdi ählumumy goldawa eýe bolýar. Şu babatda şu ýylyň iýun aýynda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty Daşkentde geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwaly ýatdan çykmaz derejede boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar işleri boýunça döwlet agentligi bu Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň gurnaýjysy hökmünde forumyň baş wezipesini şeýle kesgitledi: hyzmatdaşlyga we bähbitleriň sazlaşygyny tapmaga esaslanan adalatly, köp taraply dünýä bolan umumy geljegi bilelikde gurmaga garaşýan tutuş Ýer ýüzüniň ýaş hem-de işjeň adamlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak.

Özbegistan Respublikasynyň bäş şäherinde – Daşkent, Samarkand, Buhara, Jizak we Hywada Bütindünýä ýaşlar festiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde ýaşlaryň meselelerini öwrenmek boýunça ylmy-amaly maslahat, ýaş parlamentarileriň mejlisi, Arkalaşygyň ýurtlaryndan ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda ýaş okyjylar üçin bäsleşigi hem-de küşt boýunça ýaryş geçirildi. Çäreleriň köpüsi Ýaşlaryň döredijilik köşgünde boldy. Onuň girelgesiniň öňünde ýörite ýadygärlik binasy açyldy.

Festiwala gatnaşyjylar üçin sergileri, medeni ýörişleri hem-de dürli bäsleşikleri özünde jemlän köp ugurly dynç alyş we medeni maksatnama taýýarlanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheri 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriniň Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi. Özbegistanda ýaşlaryň festiwalynyň ilkinji gezek geçirilendigine garamazdan, oňa dünýäniň 150-den gowrak ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Festiwalyň myhmanlary we eýeleri forumyň açylyşyndan başlap, uniwersitetleriň sergisi bilen tamamlanan çäreleriň ählisiniň ýaşlaryň durmuşynda möhüm orun eýeländigi barada bir pikirde boldular. Bu çäreler dürli ugurlarda zehinli ýaşlary birleşdirýär, olar öz pikirlerini, iş-tejribelerini paýlaşýarlar hem-de olaryň hyzmatdaşlygyny geljekde dowam etmäge hyzmat etjek täze pikirlerini bilelikde işläp taýýarlaýarlar.

Türkmenistanyň ýaşlary halkara festiwalyň çärelerine gatnaşyp, şeýle çäreleri guramagyň tejribesini topladylar we şol bir wagtda-da, onuň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşandyny goşdular.

 Wepa Döwletgeldiýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.