Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 480
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. 

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli we netijeli gatnaşyk edýärler, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini görkezýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.