Ï Bakja önümleriniň bolçulygy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bakja önümleriniň bolçulygy artýar

view-icon 1204
Bakja önümleriniň bolçulygy artýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan welaýatynyň uzaklara ýaýylyp gidýän bereketli meýdanlarynda bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Welaýat boýunça şu ýyl 2620 gektar ekin meýdanyndan 52400 tonna bakja hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.

Şu günlerde bolsa öňde goýlan asylly maksada abraýly hötde gelmek ugrunda Günbatar sebitiň edermen hasyl ussatlary hasam tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şu mahal ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gawundyr garpyzyň bol hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler. Möhüm işlerde welaýatyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň daýhanlarydyr hususyýetçileri ýokary netijeleri gazanýarlar. Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyny döretmekde nusgalyk işleri bitirýän önüm öndürijileriň hatary-da günsaýyn barha artýar.

Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, geçen döwürde Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlaram zeýtun miwelerini ýetişdirmekde giňden adykmagy başardylar. Welaýatyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynyň daýhanlary-da soňky ýyllarda bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň hakyky ussatlary hasaplanýarlar. Häzirki wagtda olaryň welaýatyň çäginde Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan netijeli işleri hem belent sepgitleriň gazanylýandygyna doly güwä geçýär.

Diýarymyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök-bakja, miwe önümleri bilen dolduryp, ilatymyza elýeterli bahalardan ýetirmek bolsa bakjaçylaryň baş maksady bolup durýar. Olar jennediň nygmaty saýylýan gawunlaryň waharman, gyzyldepe, gülaby, garrygyz, akmaral... ýaly birnäçe görnüşlerinden ýylyň-ýylyna-da gowy hasyl alyp gelýärler. Şonuň ýaly-da tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply, bereketli önümlere diňe Balkan welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem uly isleg bildirilýär. Hut şoňa görä-de, bakjaçylar ýetişdiren önümlerini güneşli Diýarymyzyň bazarlaryna, söwda nokatlaryna yzygiderli ugradyp durýarlar.