Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, şeýle hem täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň, tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny has-da çaltlandyrmak maksady bilen, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy
2895