Ï «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

view-icon 1991
«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Balkan welaýatynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanyna guralýan dürli täsirli çärelerdir dabaralar, bäsleşikler ýokary derejede geçirilýär. Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çeper elli zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyram şeýle täsirli çäreleriň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guraýan bu bäsleşigi ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy. Birnäçe şertleri öz içine alan bäsleşigiň esasy maksady halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeni mirasyny, gadymy we müdimi sungatymyzy, onuň ene-mamalarymyzdan galan nusgalyk el işlerini wagyz etmekden ybaratdyr. Ýeri gelende aýtsak, bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik hem sogap işleriň baş sakasynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň tüýs ýürekden çykan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Bäsleşigiň dowamynda çeper elli zenanlar halkymyzyň milli keçesiniň özboluşly aýratynlyklaryny, sungat derejesine göterilen ajaýyp nusgalaryny öz ýerine ýetiren işleri arkaly görkezdiler. Şonuň ýaly-da boýy 1,5 metre, ini 1 metre barabar bolan keçeleri bäsleşigiň şertine görä bellenilen wagtda ýetişdirmekde özara bäsleşdiler. Mundan başga-da, bäsleşikde mukaddes ojagymyzyň, törümiziň ýaraşygy bolan keçelerimiziň taryhyndan söhbet açýan täsin maglumatlar, rowaýatlar, yrymlar, degişmeler, gazallar aýdylyp, özboluşly baýramçylyga öwrülen bäsleşigiň mazmun baýlygyny, onuň şowhunyny hasam artdyrdy.

Bäsleşigiň jemi boýunça welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy Çynar Meňlidurdyýewa hem-de şu etrabyň Sülmen oba medeniýet öýüniň işgäri Sapartäç Mollaýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.